Dawutogly Mesut Barzani we Osame Nujeýfi bilen telefon arkaly sö

Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly Yrak meselesi boýunça telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär

110547
Dawutogly Mesut Barzani we Osame Nujeýfi bilen telefon arkaly sö

Dawutogly düýn Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň Prezidenti Mesut Barzani we Yragyň Mejlisiniň Başlygy Osame Nujeýfi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Daşary işler ministrliginden berilen maglumata laýyklykda Dawutogly Mesut Barzani bilen Kürt Awtanomiýasynyň Premýer ministri Neçirwan Barzaniniň Türkiýä guran sapary we Yrakda başdan geçirilýän soňky wakalar barasynda giňişleýin pikir alyşdy.
Ahmet Dawutogly Yragyň Mejlisiniň Başlygy Nujeýfi bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde bolsa saýlawlardan soň Yrakda mejlisiň täze düzüminiň gysga möhletde öz işine başlamagy we syýasy mehanizmiň işe girişmegi barasynda pikir alyşdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar