Dawutogly Zebari bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Söhbetdeşlikde Yrakdaky soňky ýagdaýlar barasynda pikir alyşyldy

92299
Dawutogly Zebari bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Türkiýäniň Mosul şäherindäki Başkonsullygyna guralan hüjümden soň Nýu-Ýorkdaky saparyny tamamlaman yzyna dolanan daşary işler ministri Ahmet Dawutogly tefon diplomatiýasyny dowam etdirýär.
Dawutogly ir ertir Yragyň daşary işler ministri Hoşýar Zebari bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Telefon söhbetdeşliginde YDYD guramasynyň hüjümleri, Mosuldaky soňky ýagdaý we resmi Bagdadyň görýän çäreleri barasynda pikir alyşyldy.
Dawutogly Nýu-Ýorkdan gaýtmazyndan ozal bolsa Amerikanyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçiripdi. Amerikan hökümeti hüjümi ýazgaryp, “nadanlyk” hökmünde häsýetlendiripdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar