Türk ýaragly güýçleri güýjüne güýç goşmaga dowam edýär

3 sany Taktiki we barlag dik uçary “ATAK” düýn Guryýer goşunlarynyň serkerdeligine tabşyryldy

90440
Türk ýaragly güýçleri güýjüne güýç goşmaga dowam edýär

Dik uçarlaryň gowşurlyş dabarasyna Prezident Abdulla Gül, Mejlisiň Başlygy Jemil Çiçek, Premýer ministr R.T.Erdogan we Baş ştabyň Başlygy general Nejdet Özel gatnaşdy.
Terrorçylyga garşy göreşde peýdalanyljak “ATAK” dik uçarlary ähli hüjümlere ukyply özboluşlyga eýe.
“T129-ATAK” düýçlendirilen hereketlendirijisi bilen aralyksyz 519 kilometre çenli uçup bilýär.
Dik uçara 500 top oky, 16 lazer gönükdirijili roketa, 8 sany uzak menzilli tank roketasy ornaşdyrylyp bilinýär.
“ATAK-lar” milli aragatnaşk ulgamy we milli kart ulgamy bilen üpjün edildi.
Uçarmanlaryň hüjüm ukybyny güýçlendirmek üçin kasklaryna integrirlenen gönükdiriji paneli oturdyldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar