Üçünji howa menziliniň gurluşygyna şu gün badalga beriler

Howa menzili doly ulanmaga berilende 150 million ýolagçy gatnadylar

84970
Üçünji howa menziliniň gurluşygyna şu gün badalga beriler

Stambýlda guruljak üçünji howa menziliniň gurluşygyna Premýer ministr Erdoganyň gatnaşmagyndaky dabara bilen badalga beriler.
Gur-dolandyr-tabşyr usuly boýunça tenderi geçirilen üçünji howa menzili doly ulanmaga berilende 150 million ýolagçy gatnatma mümkinçiligine eýe bolar.
Täze howa menzili tamamlanandan 165 ýolagçy köprüsi, terminnalaryň arasyndaky gatnawy demir ýol ulgamy arkaly ýola goýlan 4 terminal binasy, 3 sany tehniki bina we howa gözegçilik diňi, 8 gözegçilik diňi, ähli uçar tiplerine amatly 6 sany uçar gonuş meýdançasy, 16 taksi ýoly, 500 uçar üçin niýetlenen duralgaly jemi 6,5 inedördül metr ululygyndaky apron, sapar zaly, ýük we umumy awiaterminaly, döwlet kabulhanasy, 70 müň ulaglyk açyk we ýapyk ulag duralgasy, awia saglyk merkezi, myhmanhanalar, ýangyn söndüriş we duralga merkezi, ybadathanalar, kongresler merkezi, energobeketler, arassalaýyş we zir-zibil işleýiş desgalary ýaly goldaýjy desgalardan ybarat bolar.
Gymmaty 10,2 milliard ýewro barabar bolmagy göz öňünde tutulýan howa menziliniň 2018-nji ýylyň ahyrynda doly ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar