Türkiýe Orta Aziýada we Afrikada uly işleri durmuşa geçirer

Türkiýe birnäçe ýurda tokaý hojalygy, erroziýa, çölleşmäniň gözegçilik astyna alynmagy üçin 10 million dollarlyk kömek berer

83579
Türkiýe Orta Aziýada we Afrikada uly işleri durmuşa geçirer

Tokaý we suw hojalygy ministri Weýsel Erogly BMG-nyň Azyk we oba hojalyk guramasy FAO bilen Ankarada hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy.
Hyzmatdaşlyk şertnamasyna görä Türkiýe birnäçe ýurda tokaý hojalygy, erroziýa, çölleşmäniň gözegçilik astyna alynmagy üçin 10 million dollarlyk kömek berer.
Türkiýe şol şertnama laýyklykda Orta Aziýada we Afrikada uly işleri durmuşa geçirer.
Baglaşylan şertnamanyň Türkiýäniň tokaý hojalygy pudagynda durmuşa geçirýän işleriniň dünýä ýurtlaryna tanyşdyrylmagy taýdan möhümdigini aýdan ministr Erogly, Türkiýäniň indi kömek alýan däl eýsem kömek berýän ýurt ýagdaýyna gelendigini aýtdy.
Erogly “Türki dilli ýurtlar, Demirgazyk Afrika we Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen tokaý hojalygy taýdan edýän hyzmatdaşlygymyz uly ähmiýet gazananar. Türkiýe tokaý hojalygy pudagynda durmuşa geçirýän işlerini we tejribeleri dost, doganlyk we goňşy ýurtlar bilen paýlaşmaga pursat tapar” diýdi.
BMG-nyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň başlygy Silwa bolsa “FAO tokaý hojalygy meselesinde Türkiýäniň liderlerini kabul edýär” diýdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar