Mersin welaýatynyň Soma etrabyndaky pajygada ýogalanlaryň sany a

Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyz şu gün irden beren beýanatynda pajygada ýogalanlaryň sanynyň 282 adama ýetendigini aýtdy

68181
Mersin welaýatynyň Soma etrabyndaky pajygada ýogalanlaryň sany a

Ministr Ýyldyz dowam etdirilýän gözleg we halas edişler işlerinde magdandaky 2 ýere barylmaga synanşylýandygyna ünsi çekdi.
Sişenbe agşamy bolan magdan pajygasyndan soň magdanyň içinde galan we halas edilmäge garaşylýan işçileriň halas edişler dowam edýär.
Pajyganyň bolan magdan känindäki uglekisel gazy düýn gije Stambuldan getirilen äpet wentilýator bilen boşadyldy.
Zäherli gazyň çykarylmagyndan son gözleg we halas ediş işlerine magdanyň esasy girelgesinden başlandy.
Magdançylaryň hossarlary hem pajyganyň bolan ýerinde garaşmaga dowam edýärler.
Beýleki tarapdan geçirilen barlaglarda ýogalanlaryň uglekisel gazyndan zäherlenendikleri anyklandy.
Medisina barlaglary tamamlanan we şahsyýetleri anyklanan işçileriň jesetleri hossarlaryna gowşuryldy.
Pajygada ýogalan işçiler üçin Soma etrabynyň Merkezi metjidinde aýat-töwir okaldy.
Din işler guramasynyň başlygy Mehmet Görmez we köp sanly raýat işçiler üçin doga okady.
Saglygy goraýyş ministri Mehmet Müezzinogly häzirki wagtda hassahanada ýatan 27 adamyň bardygyny aýtdy.
Soma etrabyndaky magdan pajygasy barada Somanyň etrap prokuroturasy tarapyndan başladylan derňew işiniň çäginde “hünärmen topary” döredildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar