Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 120

Katolikleriň Papasy Fransisk ermenileriň 1915-nji ýyldaky wakalarda pida bolanlary hatyralama çäresi mynasybetli Watikanyň Sankt Peters bunhanasynda çykyş etdi

240802
Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 120

Katolikleriň Papasy Fransisk ermenileriň 1915-nji ýyldaky wakalarda pida bolanlary hatyralama çäresi mynasybetli Watikanyň Sankt Peters bunhanasynda çykyş etdi. Papa çykyşynda “20-nji asyryň birinji gyrgynçylygy ermenilere edildi” görnüşinde ýalňyş we gelşiksiz günäkärleme etdi. Günäkärlemäniň gelşiksizligi diňe bir ýalňyşlygyndan däl, şol bir wagtda-da Papanyň eýeleýän pozisiýasy we şahsyýeti sebäpli. Ilki bilen ruhany şahsyýete eýe bolan papanyň dogrydygy anyklanmadyk mowzukda çürt-kesik düşünje beýan etmegi dini ygtybaryna gelişmeýär. Katolik buthanasy we papa dünýäde bir milliarddan gowrak hristianyň ruhany lideri. Şol pozisiýasy sebäpli beýan eden garaýyşlarynyň dini täsiri bolup bilýär.
Papa dogrydygy anyklanmadyk ermeni meselesinde garaýyş beýan edip, mesele barada maglumaty bolmadyk katolikleri ýalňyşdyryjy rol oýnady. Onuň nähili howplydygy hemmelere mälim. Papa özüne ynananlary ýalňyş tarapa ugrukdyryp, dinara parahatçylyk atmosferasyna zyýan ýetirýär. Ermenileri katoliklige ysnyşdyrmak we hristian bileleşigi maksady bilen eden şol başlangyjynyň netijesinde 1,5 milliarddan gowrak musulmany garşysyna alma howpuny hem ýüze çykardy.
Beýleki tarapdan Papa şol strategiýa bilen iňňän ýalňyş we täsirli bir syýasat alyp bardy. Käbir döwletleriň syýasy bähbitler ugrunda ermeni meselesinden güýç gazanma mekirligine Papa hem ýüz tutdy. Ol bolsa onsuz hem gün tertibinde bolan dinara ýa-da medeniýetara çaknyşyk howpyny artdyryp biler. Özi we Watikan buthanasy tarapynda uzak ýyllardan bäri ileri tutulan “dinara dialog” syýasatynyň çökmegine sebäp bolup biler. Adamzat we dünýä üçin parahatçylygy salgy berýän hristianlygyň şol uly gymmatlygyna zyýan ýetirer. Hristianlygyň özenini emele getirýän Hezreti İsanyň söýgi hem-de parahatçylyk gowgasyna uly zarba urar.
Papanyn ermeni meselesi ýaly taryhy we syýasy meselelerde obýektiw çemeleşmegine we meseläni gyzyşdyrmagyň deregine çözmäge synanşmagy ýerlikli bolardy. Bu meselä tarapsyz çemeleşmegi we meseläniň çözülmegi üçin tagalla etmegi has gowy bolardy.

Papanyň çykyşynyň ýalňyşlygynyň ikinji tarapy; gönüden göni tesiziň mazmunynyň ýalňyş bolmagy. Eýsem ermeni gyrgynçylygy tezisleri ylmy däl, syýasy we toslama ryçagdyr. Bu tezis resminamalar we bellikler bilen subutlanan hakykat däl, dolulygyna ermeni lobbisiniň argumentleri bilen öňe sürülen propoganda. Şol tezisiň dogry kabul edilmegi üçin hemmeler tarapyndan ykrar edilip bilinjek anyk namalara esaslanmaly. Günbataryň ylmy pelsepesiniň 500 ýyllyk ähliumumy ýüzlenmesi bir tezisiň dogrylygynyň konkret görkezijiler bilen subut edilmegi barada.
Emma ermeni gyrgynçylygy tezisi parasatly we obýektiw ermeniler tarapyndan hem ynanylmaýan ýagdaý. 1915-nji ýyl we 1-nji Jahan urşy bilen bagly arhiwler açyk hem-de hiç hili resminama şol tezisi doly, obýektiw we ylmy taýdan subut etmeýär. Ermeni diasporasynyň öňe sürýän tezisleri we resminamalary obýektiw hem-de ähliumumy däl. Eger şeýle waka bolan bolsady şübhesiz wyždanly we parasatly türk döwlet ýolbaşçysy ony ret etmezdi. Eger-de waka bilen bagly anyk delilnama bolan bolsady, Amerikada, Ýewropada ýa-da bütin dünýädäki taryhçylar ony ret etmäge synanşyp hem bilmezdi. Emma beýle zat ýok. Günbatarda we bütin dünýäde ermeni gyrgynçylygyna ynanýanlaryň bolşy ýaly, ona ynanmaýan köp sanly taryhçy we hünärmen bar. Eger tezis ylmy taýdan dogry bolan bolsady, şol taryhçylar we hünärmenler ony inkär edip bilermidi? Mysal üçin Gitleriň ýehudilere eden gyrgynçylyk tezislerini we resminamalaryny ret edip biljek adam ýok. Emma ermeni meselesi beýle özboluşlyga eýe däl.
Elbetde tas hemmeler 1915-nji ýylda we urşuň dowamynda uly pajygalaryň başdan geçirilendigini, Osman döwleti we musulman raýatlary bilen ermeni raýatlarynyň arasynda iki taraply jenaýatlaryň edilendigi kabul edilýär. Jahan urşy we oňa bagly ýaramaz şertlerde hem Osman döwlet ýolbaşçylary hem-de ermeniler ýalňyş kararlaryň netijesinde ýalňyş işler etdiler. Şonuň netijesinde köp sanly ermeni raýatynyň ölendigi mälim. Edil şuňa meňzeş sebäplerden millionlarça türk, kürt, arap musulmanlaryň hem-de beýlekileriň ölüşi ýaly.
Papa tezisiň nädogrydygy baradaky şol garaýyşlara-da üns bermelidi. Adyl ýolbaşçy, ondan-da dini ýolbaşçylar adamlaryň ýa-da jemgyýetleriň arasyndaky meselelere taraply çemeleşmegi, meseläni çözmeýişi ýaly ony hasam çuňlaşdyrar. Papa taryhçy ýa-da hünärmen bolmandygy üçin wakanyň çeşmeleri bilen hem gyzyklanan däl bolsa gerek. Hatda Türkiýä guran saparynda özüne gürrüň berilen namalary hem gowy diňlemändir ýa-da ünssiz çemeleşipdir.
Papanyň şol çemeleşmesi eger hristianlaryň jebisligi ýaly syýasy taslamanyň ýa-da ermenileriň 100-nji ýyl poropogandasynyň serişdesi bolsa, onda Papa hakykatdan hem gelşiksiz-ýalňyş halkara syýasatyň serişdesine öwrüldi. Şol ýalňyşlygyň özüne we buthanasyna ýetiren zeperi beýlede dursun, hudaýyň razylygyna-da laýyk bolmajakdygyny aýdyp bileris. Hat-da Hezreti Isanyň ähliumumy ýörelgesi bolan “siz ýamanlyk edende-de ýagşylyk ediň” diýilýän ýörelgesini hem bozdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar