Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 116

1-nji Jahan urşunyň adamzat we dünýä taryhy taýdan käbir möhüm taraplarynyň bardygyny aýdyp bolar

274240
Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 116

Hakynda kitaplar we makalalar ýazylan 1-nji Jahan urşuny biziň gysgaça beýan etmegimizem kyn. Emma 100 ýyllyk perspektiwadan garalanda şol urşuň adamzat we dünýä taryhy taýdan käbir möhüm taraplarynyň bardygyny aýdyp bolar. Umuman aýdylanda Soýuzdaş döwletler bilen Merkezi häkimiýetleriň arasynda bolup geçen we Soýuzdaş döwletleriň hasabyna tamamlanan uruş. Uruş bütin dünýä täsir ýetirenem bolsa esasan gönüden ýeňijilere we ýeňilenlere uly täsir ýetirýär. Ýeňijiler uruşdan soň täze dünýä ulgamyny döretmäge synanşýar, ýeňilenler bolsa şol ulgamdan agyr zyýan çekýär. Detallary köp taraply we köp derejeli bolan bu urşuň üç tarapy ünsleri çekýär.
Birinjisi: 1-nji Jahan urşy adaty imperalist syýasatlaryň iň ýokary çägi. 19-njy asyrda güýçlenen Ýewropanyň milli döwletleri dünýäniň esasy bölegini imperialist ulgamyna degişli edenden soň 20-nji asyrda biri-birleri bilen söweşme çägine ýetdi. Emma bu uruş diňe bir imperialist döwletler bilen çäkli galman, golaý sebitleri hem öz içine aldy. Osman döwleti hem şolardan biridi.
İkinjisi: uruş adaty imperatorlyk döwrüni ýapyp, ýerine düýbi 17-nji asyrda tutulan milli döwlet modelini ýaýbaňlandyrdy. Bu etapdan iň agyr ýitgi çekenler Osman we Awstriýa-Wegriýa imperiýalary. Esasanda Osman imperiýasyna degişli ýurtlar we halklar ýeňiji döwletleriň imperial bähbitlerine görä şekillendirildi. Onuň netijeleri şu günki günde Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň ýüze çykyşynda görülýär. Messopotamiýadan Demirgazyk Afrika, Orta Aziýadan Balkan ýurtlaryna çenli uzap gidýän sebitiň geosyýasy gurluşy 1-nji Jahan urşunyň netijesidir.
Emma imperialistleriň sözüň doly manysynda üstünlik gazanandygyny aýtmak kyn. 1-nji Jahan urşunyň üçünji özboluşlygy hem şundan ybarat. İmperalist döwletler 1-nji Jahan urşunda we ondan soňky ähli meýilnamalaryny iş ýüzüne geçirip bilmediler. Onuň iň möhüm taryhy mysal üçin Türkiýäniň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilen ermeni, kürt we grek döwletleri taslamasynyň durmuşa geçirilip bilinmezligi. Osmanlydan galan türk halky imperializme garşy aldym-berdimli göreşdi. M.K.Atatürkiň liderligindäki Azat edijilik göreşi diplomatik hem-de harby usullar bilen hem ermeni, kürt we grek meýilnamalaryny puja çykardy, emma has möhümi Respublikanyň gurulmagyny üpjün etdi. Şol çäkde urşuň we dünýä taryhynyň ykbalyny kesgitlän 1915-nji ýyldaky Çanakgala urşuny hem ýatdan çykarmalyň.

Urşuň köp taraply özboluşlygynyň arasynda öňe saýlanýan şol üç ugurdan şu günki günde çykarylmaly netijeler bar. Birinjisi: esasanda Yrakda, Siriýada, Palestinada we umuman Ýakyn Gündogar sebitinde 20-nji asyryň dowamynda başdan geçirilen wakalar 1-nji Jahan urşunyň netijeleriniň nähili erbet meýilleşdirilendigini görkezýär. Uruşdan soňky imperialist jedeller arkaly çyzylan serhetleriň nähili çekeleşiklidigini, Siriýada we Yrakda başdan geçirilýän YSYS pajygasy aç-açan görkezýär. Şu günki wakalar 1-nji Jahan urşy aslyna garalanda gutarmady, täzeden başlady. Eger şeýle bolsa häzirki şertleri ýüz ýyllyk sebit urşunyň tapawutly beýany hökmünde görmek mümkin.
Emma sebitiň şu günki serhetleri mundan 100 ýyl ozalkysyndan diýseň tapawutly. Häzirki uruşlarda daşary imperialist döwletler ýaly Ýakyn Gündogaryň güýçli döwletleri hem öňe saýlanýar. Bu bir tarapdan oňyn waka hökmünde-de görlüp bilner. Sebitiň geljeginde öz güýjüni subut eden sebit döwletleri hem pozisiýa eýeleýär. Sebitiň güýçli ýurtlary sebitleýin syýasatda öňbaşçy pozisiýasyny eýeleýär. Emma bu şol bir wagtda-da negatiw häsýete hem eýe. Sebit ýurtlarynyň arasynda güýçli gapma garşylyklar dowam edýär. Hat-da şol gapma garşylyklaryň döwletara messep ýa-da etniki çaknyşyklara öwrülme howpy hem bar. YSYS we Hizbullah ýaly guramalaryň Siriýada çaknyşyklary uly partlamanyň uçguny ýaly özboluşlyga eýe. Bu çaknyşygyň sebitiň halklarynyň bähbidine bolmandygy aç-açan we anyk. Diňe 25 ýyldan bäri dowam edýän Yrak we Siriýa uruşlary bilen 100 ýyllyk Palestina meselesi hem göz öňünde tutulanda sebitiň nähili çykgynsyz ýagdaýdadygyna göz ýetirmek bolýar.
Käbir hünärmenler 1-nji Jahan urşuny meşhur Gündogar meselesini we ähli uruşlary ortadan aýyran uruş hökmünde analiz etdiler. Emma şu günki günde şol analiziň güýjüni ýitirendigini nygtap geçmek ýerlikli bolar. Eýsem ne Gündogar meselesi çözüldi, çünki 20-nji asyryň dowamynda 2-nji Jahan urşundan başga ýüzlerçe uruş boldy.
1-nji Jahan urşynyň netijeleri we aslynda müňlerçe ýyllyk söweş taryhy uruşlaryň hiçbir meseläni çözmeýändigini görkezýär. Meşhur “Uruş bada” kitabynyň awtory Karl Won Klausewiçiň öňe sürüşi ýaly uruşlar syýasatyň serişdeleridir. Ýagny meseleleri syýasat we syýasatçylar çözer, söweş diňe serişdedir. Tersine uruşlar diňe güýçli döwletleriň ýarag senagatyny ösdürer, emma uruşdaky ejiz jemgyýetleri böler we hasam ýoksullaşdyrar. Onda-da ýeterlik güýji bolmadyk döwletleriň urşa girmegi öz ýurtlarynyň adyndan humar oýmaklygy aňladýar. Taryhda-da onuň ýüzlerçe mysaly bar. Humar oýnaýanlaryň bolsa umuman utdurýandyklary hakykatdyr.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar