Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 105

Adamzat nähili tapawutly özboluşlyklara eýe hem bolsa, global medeniýetiň bardygyny pikirlendirýän çemeleşmelere hem eýe

169975
Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 105

Dünýä derejesinde tanalýan adamlaryň durmuşyna we pikirlerine garalanda käbir umumy taraplarynyň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Adamzat nähili tapawutly özboluşlyklara eýe hem bolsa, global medeniýetiň bardygyny pikirlendirýän çemeleşmelere hem eýe. Şolaryň iň anygy täze ýyl dabaralarynda görülýär. Sidneýden Delä, Moskwadan Stambula, Parižden Londona, Waşingtona adamlar meýdanlara jemlenşip, sagat 00:00 bolanda feýerwerkler atylýar. Elbetde bu adamzadyň ählisiniň düşünjesini beýan etmeýär. Eýsem köp sanly ýurtdaky tapawutly ynanja ýa-da pelsepä eýe bolan millionlarça adam täze ýyly belläp geçmeýşi ýaly, oňa garşy hem bolup biler. Bu tapawutly çemeleşmeler dünýäde adamlaryn iň bolmanda bu meselede tapawutly medeniýete we düşünje eýedigini görkezýär.
Adamzadyň bilelikde begenip, bilelikde gynanmaýan başga mysallary hem bar. Futbol we olimpiadalar ýaly sport çäreleri şolaryň iň bellileri. Esasanda olimpiadalar we futbol turnirleri täsin global faktora öwrüldi. Dürli ýurtlardan gelen tapawutly reňke, millete, dini ynanja, medeniýete eýe bolan adamlar göräýmäge “milli” komandalarynyň ýenişi üçin göreşýän ýaly, emma has ünsli garalanda şol futbolçylar bütin adamzadyň bäsdeşlik arkaly hyzmatdaşlyk ugurlaryny güýçlendirýär. Tapawutly baýdaklar we türgenler bir platformada ýeňiş üçin bäsleşýär. Şol bäsleşiklerde adamlar ýa-da döwletler üstün çykmaýar. Global sport çäreleri we dialog taýdan bütin adamzat üstünlik gazanýar.

Berilen mysallar global medeniýetiň bolup bolmandygyny, dünýämize we adamzada haýsy nukdaý nazardan garalýandygyna görä üýtgeýändigini görkezýär. Hakykatda adamzat ýaradylyş taýdan tapawutly reňklere we bähbitlere eýe. Adamlaryň tapawutly kowumlardan, taýpalardan we reňklerden emele gelýändigi hem dinler hem-de filosoflar tarapyndan nygtalýan hakykat. Şol nygtama tapawutlylygy subut etmek üçin däl, şol tapawutlylygyň hemmeler tarapyndan ykrar edilmegi üçin. Mysal üçin gurhanda “adamlar taýpalar görnüşinde ýaradyldy” diýilýär. Köp sanly syýasatçy filosof bolsa her bir milletiň ýa-da döwletiň belli medeniýete esaslanýandygyny öňe sürýär. Bu taýda taýpa bilen milletiň biri-birinden tapawutlydygyny, taýpanyň özboluşly we ontologik hakykat, milletiň bolsa has döwrebap zamanada ýüze çykan faktordygyny nygtamak ýerlikli bolar. Bu tehniki tapawut bir tarapda dursun, taýpa we millet adalgalarynyň özenine seredilende her biriniň özeninde medeniýetiň durýandygy görülýär. Bu adamlaryň arasynda bölünmeleriň we tapawutlyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolupdyr. Şol bölünmeler hem ýygy-ýygydan milletlerin arasynda ýüze çykýar we güýç çaknyşygyna sebäp bolýar. Onuň iň elhenç netijesi bolsa halklaryň öz içinde ýa-da arasynda gyzgyn çaknyşyklaryň emele gelmegine sebäp bolmagy. İne şol jähtden garalanda global medeniýetiň bolmandygy tezisi öňe sürülip bilner. Elbetde bu hem bir hakykat.
Emma berilen täze ýyl we olimpiadalar mysallarynda bolşy ýaly adamlary biri-birine jebisleşdirýän ýa-da umumy bähbitde birleşdirýän gymmatlyklar taýdan aramak hem mümkin. Şol gymmatlyklaryň başynda hozmatdaşlyk durýar. Esasanda olimpiadalar şol çäkde tipiki mysal we başga-da birnäçe mysal berilip bilner. Adamlaryň tapawutly medeniýetlere eýe bolmagy aralarynda hyzmatdaşlyk etmeklerine bökdençlik döretmeýär. Mysal üçin gurhan tapawutly taýpalar görnüşinde ýaradylan adamlaryň biri-birleri bilen tanyşmaklaryny we hyzmatdaşlyk etmegini isleýär.
Bu garaýyş giňeldilen halatynda adamzadyň umumy medeniýete eýedigi, eýe boljakdygy ýa-da bolmalydygy öňe sürlüp bilner. Şol umumy medeniýetiň başynda ýaşaýan dünýämizi has eşretli ýagdaýa getirmek durmaly. Şeýlelikde adamzadyň global medeniýetiň özeninde: adamzadyň umumy diýary bolan dünýäni goramak, aýawly saklamak, zyýan ýetirmezlik, daşky gurşawy we onuň bir bölegini emele getirýän adamy öldürmezlikdir. Gysgaça daşky gurşawy goraýjylyk atlandyrylyp bilinjek şol düşünje diňe tebigaty goramakdan ybarat bolmaly däl, daşky gurşawyň esasy faktory bolan adamlaryň abadançylygyny, asudalygyny, parahatçylygyny ýaýbaňlaşdyrmak bolmaly. Adamy we serişdeleri sarp edýän uruş serişdeleriniň, isripçiligiň, sarp edijilik äwmezliginiň, maddy we ruhy hapalanma sebäp bolýan çemeleşmeler bes edilmeli.
İne şu garaýyş, ýagny global medeniýet döretmek düşünjesi, idealizm, hat-da utopiýa ýaly kabul edilip bilner. Onuň mümkin däldigi öňe sürlüp bilner. Şübhesiz şeýle ynamsyzlyk giňden ýaýran, emma ýerlikli däl. Eýsem adamzadyň we adam bolmagyň başlangyç ýörelgesi diňe daşky gurşaw we onuň üstünde ýaşaýan jandarlaryň yzgiderliligini üpjün edip bilmek bilen bagly. Tapawutly taýpalaryň ýa-da milletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyga we dialoga esaslanýan global medeniýet diňe adamzadyň bähbidine däl, şol bir wagtda-da hökmany ahlaky çemeleşmedir.
Jemläp aýdanymyzda; täze ýyl we olimpiadalar ýaly ähliumumy çäreler we pursatlar global medeniýetiň bardygyny görkezýän simwollar. Emma olaryň entek kämil derejede däldigini nygtamak ýerlikli bolar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar