Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 100

Dünýä syýasatynyň ýüregi Türkiýe merkezli tapgyrda urýar

208693
Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 100

Türk daşary syýasaty soňky hepdelerde ýakyn geljekde işjeň diplomatik gatnaşykalary amala aşyrýar. Dünýä syýasatynyň ýüregi Türkiýe merkezli tapgyrda urýar, diýsek ýalňyşmarys. Siriýadan Yraga, Ukrainadan Eýrana we Müsüre çenli köp sanly möhüm mesele Türkiýäniň ýakyn geografiýasynda we Türkiýe şol meseleleriň çözülmeginde güýçli pozisiýa eýelemäge synanşýar. Elbetde Türkiýäniň halkara gatnaşyklarynda eýeleýän pozisiýasy täzelik däl. Soňky on ýylda güýçlenen şol pozisiýa gysgaça şeýle beýan edilip bilner: 2003-2007-nji ýyllaryň aralygynda ÝB-ne doly agzalyk gepleşikler tapgyry, 2007-2010-njy ýyllaryň aralygynda Ýakyn Gündogarda, Kawkazda we Balkanlarda parahatçylyk tagallalary, 2009-2011-nji ýyllaryň aralygynda BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň wagtlaýyn agzalygy, 2011-2013-nji ýyllaryň aralygynda Arap Baharynda nusgawy ýurt bolmak ugrundaky tagallalar. Emma 2013-nji ýyldan başlap Türkiýäniň ÝB-ne doly agzalyk gepleşiklerinde we Arap Baharyndaky pozisiýasynda ýaramaz wakalar başdan geçirildi. Şol negatiw şertlerde ÝB we Siriýa syýasatynyň Türkiýäniň garaşýan tamasynyň çykmazlygynyň täsiri bardyr.


Emma şol ýaramazlyklara garamazdan türk daşary syýasatynda işjeňlik dowam edýär. Käbir düşnüşmezliklere garamazdan Türkiýäniň ABŞ, Russiýa, Ýewropa, Eýran we Yrak bilen gatnaşyklarynyň depgini gowşamady. Halkara gatnaşyklarynyň kadalaryna laýyklykda Türkiýe şol ýurtlar bilen eýe bolan tapawutlyklary gepleşikler we diplomatiýa arkaly ortadan aýyrmaga synanşýar. 2014-nji ýylyň soňky aýlarynda Türkiýäniň ýokary depginli diplomatik tagallalary alyp barmagynyň esasy sebäbi hem şundan ybarat.

Soňky hepdelerde özüni görkezýän depginli diplomatik tagalalaryň esasy faktorlary şulardan ybarat: Prezident Erdoganyň BMG-nyň ýyllyk sessiýasyna gatnaşmagy, Premýer ministr Dawutoglynyň G-20-niň maslahatyna gatnaşmagy we döwürleýin ýolbaşçylygy kabul edip almagy, Premýer ministr Ahmet Dawutoglynyň birnäçe ýyl soň Bagdada we Erbile guran möhüm sapary, ABŞ-nyň Wise-prezidenti Jo Baýdeniň Stambula guran sapary we ol ýerde Atlantika geňeşiniň Energetika we ykdysadyýet maslahatyna gatnaşmagy we şol çäkde Prezident Erdogan bilen 4 sagat dowam eden duşuşygy. Şol sanda golaýda Türkiýä ýene-de iki möhüm sapar guralar: 28-nji noýabrda katolikleriň dini lideri Papa we 1-nji dekabrda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Ankara sapar gurar.
Şol resmi saparlar türk daşary syýasaty üçin iňňän möhüm. İlki bilen Türkiýe-Yrak gatnaşyklary YSYS-a garşy göreş çäginde ösýär. Türkiýe peşmergä we Yragyň harby goşunlaryna harby tälim bermäge başlady, şeýlelikde YSYS-a garşy göreşe berýän goldawyny güýçlendirdi. Bu başlangyç ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky hyzmatdaşlygyň güýjüne güýç goşar. Emma onuň Başar Asadyň iş başyndan çetleşdirilmegi bilen bagly tapgyryň başyny başladyp-başlatmajakdygyny öňe sürmek üçin entek ir. Wise-prezident Baýden Erdogan bilen Stambulda geçiren duşuşygyndan son Asadyň häkimiýetden syýasy ýollardan çetleşdirilmelidigini we iki ýurduň arasynda bar bolan strategik hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigini aýtdy. Şol beýanatyň ABŞ-nyň Başar Asad baradaky syýasatynyň üýtgejekdiginiň alaty bolandygyny öňe sürýän bilermenler bar.


Türkiýäniň we ABŞ-nyň NATO-nyň çäginde hem-de özara strategik gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryndan biri energetika howpsyzlygy. Atlantika geňeşiniň Stambuldaky maslahaty Türkiýäniň energetikanyň öndürilmegi we bazarlara ýetirilmegi boýunça merkezi pozisiýasyny ýene-de bir gezek tassyklady. Baýden we Dawutogly maslahatda eden çykyşlarynda şol merkezi pozisiýanyň güýçlenjekdigini beýan etdiler. Ýakyn Gündogardaky, Kawkazdaky hat-da Ortaýer deňzindäki nebit we tebigy gaz serişdeleriniň Türkiýäniň üstaşyr dünýä bazarlaryna ýetirilmegi gün tertibinde. Türkiýäniň gündogar-günbatar, demirgazyk-günorta energiýa göterijileriniň howpsyzlygyndaky pozisiýasy çuňlaşýar.


Elbetde bu wakalar köp sanly ýurduň ünsüni özüne çekýän bolsa gerek. Şolaryň birem Russiýa. Russiýanyň dünýädäki nebit we tebigy önümçiliginde eýe bolan paýy we onuň Russiýanyň ykdysadyýetine hem-de syýasatyna goşýan goşandy hemmämize mälim. Russiýa şol bir wagtda Türkiýäniň energetika boýunça esasy hyzmatdaşlaryndan biri. İki ýurduň arasyndaky Mawy Akym taslamasy, ýadro energiýasy boýunça maýa goýum taslamalary we güýçli söwda, ykdysady, el güýji hem-de tehnologik ugurlardaky hyzmatdaşlyklary mälim. Türkiýe bilen Russiýanyň iki taraply garaşlylygy şeýle ýokary we möhüm welin, iki ýurduň Siriýa syýasatyndaky çuňňur tapawut hem şol garaşlylyga zyýan ýetirip bilmeýär.


Emma iki ýurduň Siriýa meselesindäki syýasy tapawutlylyklaryna ýüzleý çemeleşmek ýerlikli bolmaz. Türkiýäniň, ABŞ-nyň we Ýewropa ýurtlarynyň Asadyň iş başyndan çetleşdirilmegi baradaky syýasatyna Russiýa we Eýran berk garşylyk görkezýär. Şol reaksiýa diňe Siriýa meselesini çykgynsyzlaşdyrmaýar we içerki urşy çuňlaşdyrmaýar, şol bir wagtda-da türk içeri we daşary syýasatyna ýaramaz täsir ýetirýär.
Halkara jemgyýetçiliginiň Siriýa meselesini nähili çözjekdigi hakykatdan hem bilinmeýär. Türkiýäniň we beýleki köp sanly ýurduň tagallalary hem-de başlangyçlary netije bermeýär. Bu meseläni çözmek üçin has netijeli tagalla edilmeli.


Eýsem Papanyň Ankara gurajak sapary Türkiýäniň syýasaty baradaky pozisiýasyny düşündirmek we dünýäniň gün tertibine getirmek taýdan pursat döredip bilermikä? Papanyň halkara syýasatyna goşulmaýandygy bilinýän hem bolsa, dini awtoritarynyň hristian dünýäsiniň syýasatçylara, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerine täsir ýetirjekdigi ikiuçsyzdyr. Şol sebäpli Papanyň 28-30-njy noýabrda Ankara gurajak sapary möhüm ähmiýete eýedir.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar