Türkiýäniń we dünýäniń gün tertibi 98

Atatürkiń praktikalary öz liderlik özboluşlygyndan hem-de döwrüń şertlerinden gelip çykýar

190284
Türkiýäniń we dünýäniń gün tertibi 98

Türkiýe Respublikasynyń esaslandyryjy lideri M.K.Atatürk 1938-nji ýylyń 10-njy noýabrynda aradan çykdy. Ähli beýik liderler ýaly Atatürkiń hem elbetde köp sanly üstnliklerini sanap geçmek mümkin. Şolaryń hatarynda ilki bilen döwlet dolanşygynda Respublika ulgamynyń ornaşdyrylmagy durýar. Şu ýyl 91 ýyllygy bellenilip geçilen Respublika ulgamy 600 ýyla golaý höküm süren Osman döwletiniń ýykylmagyndan soń gurulýar. 19-njy asyrda Osman döwleti zamanasynda başlan günbatarlaşma etaby günbatarda ýüze çykan Respublika ulgamy bilen çarpaýa galdy. Bu syýasy taryh jähtinden garalanda bir netije bolup durýar. Bu netije Atatürkiń ýaşaýyşyny we syýasy durmuşyny esaslandyran günbatarlaşma ideýasyndan hem-de Osman döwletiniń 1-nji jahan urşunda ýeńilmeginden gelip çykýar.
Ähli öńbaşçy liderlerde bolşy ýaly Atatürkiń praktikalary hem öz liderlik özboluşlygyndan hem-de döwrüń şertlerinden gelip çykýar. Liderler döwrüń ruhuna gowy düşünýän, öz ýurdunyń we jemgyýetiniń bähbidi üçin möhüm işleri berjaý edýän öńden görüji syýasatçylardyr. Şol liderler öz ideýalary bilen döwrüń şertlerinden dogry we netijeli peýdalanarlar. Emma bir döwürdäki praktikalar wagtyń ruhundaky özgerlişikler sebäpli täzelenmäge we güýçlendirilmäge mätäçlik duýarlar. Bu Türkiýe Respublikasy üçin hem şeýledir.
Atatürkiń şu günki günde-de güýjüni saklap gelýän özboluşlyklaryndan biri hem rasionalizm we ylmylyk ideýasydyr. Atatürk aslyna seredilende yslam dini tarapyndan hem maslahat berilýän rasionalizmiń ähmiýetini we hökmanylygyny berk nygtapdyr. Yslam pelsepesiniń taryhy çuńluklarynda bar bolan, emma unudulan akyl-nakyl diskussiýasynda Atatürk rasionalizmiń ähmiýetine ünsi çekipdir ýa-da nygtapdyr. Şeýlelikde yslam düşünje taryhyndaky Maturidilik we Mutezile ekollary tarapyndan nygtalýan rasionalizm ýörelgesi modern döwre geçirilipdir.
Atatürkiń rasionalizm ýörelgesi dińe yslam düşünje taryhyna däl, eýsem şol bir wagtda-da döwrebaplaşma pelsepesine esaslanýar.
Atatürkiń esaslanýan başlangyjy 19-njy asyryń ronnesans döwrüniń ýüze çykaran pozitiwist düşünjesi. Pozitiwist düşünje rasionalizmi we döwrebaplaşmagy ileri tutýan hem bolsa diniń durmuşdaky pozisiýasy we orny barasynda ýakobin garaýyşa eýe. Türkiýedäki pozitiwist tejribeler hem halkyń dini durmuşynda käbir gadagan ediji we çetleşdiriji syýasatlary durmuşa geçirdi. Türkiýe Respublikasynń belli bir döwründe Atatürke ýalńyş düşünmekden gelip çykýan käbir ýalńş praktikalaryń bardygy bilinýär.
Atatürkiń goýup giden miraslarynyń esasylaryndan biri hem Respublika ulgamynyń özenindäki milli ygtyýar adalgasy. “Häkimiýet şertsiz belliksiz milletińkidir” ýörelgesi hem şonuń beýanydyr. Milli häkimiýet ýörelgesiniń praktikasy tapgyrlaýyn görnüşde ilki 1931-nji ýylda, soń 1950-nji ýylda gönüden geçirilen saýlawlar arkaly iş ýüzüne geçirilýär. Sońky ýyllarda demokratik tapgyrda edilen ýalńyş başlangyçlary Atürküń üssüne atmak nädogry bolar. Mysal üçin demokratiýanyń we guramalaryń harby agdarlyşyklar bilen dargadylmagy we onuń üssüne militarist ulgamyń ornaşdyrylmagy Atatürkiń mirasymy? Elbetde däl, eýsem Atatürk syýasata baş goşmak islän harbylara resmi formalaryny çykarmaklaryny aýdypdyr. Türkiýede 1960-njy, 1971-nji, 1982-nji ýyllardaky harby agdarlyşyklar Atatürkiń milli ygtyýar ýörelgesiniń basgylanmagyndan başga zat däl.
Atatürkiń günbatarlaşma, respublika, rasionalizme we milli ygtyýara esaslandyran Türkiýe Respublikasynyń beýleki bir ýörelgesi “ýurtda parahatçylyk, dünýäde parahatçylyk” ýörelgesi. Türkiýe Respublikasy Atatürk döwri bolan 1921-1938-nji ýyllaryń aralygynda sözüń doly manysynda parahatçylykly syýasat alyp barýar. Şol kynçylykly ýyllarda ýüze çykan ähli daşary syýasat we halkara gatnaşyklar meseleleri parahatçylykly ýollardan çözülýär we asla çaknyşyk bolmaýar. Atatürk şol döwürde täsiri güýçli bolan Mussolini, Stalin we Gitler ýaly “hüjümçi” liderlere asla öýkünmändir. Deńagramlylyk we parahatçylyk syýasatynda erjellik edipdir. Türkiýäni urşa sezewar etjek meselelerden çetde durupdyr ýa-da meseleleri ylalaşyklar arkaly çözmäge synanşypdyr. Şol syýasatyń iń anyk delilleri ine şular: 1934-nji ýylda Balkan Paktyna, 1937-nji ýylda Saadabad Paktyna, 1932-nji ýylda Milletler jemgyýetine goşulýar. Britaniýa, Fransiýa, Sowet Soýuzy bilen birlikde köp sanly – şol sanda İtaliýa, Gresiýa we Eýran – bilen ýaraşyk şertnamalaryny baglaşypdyr. Şol asylly däp ikinji jahan urşy ýyllarynda we ondan soń hem dowam edýär. Emma Türkiýäniń Sowuk uruş döwründe we şondan sońky käbir uruşlara we çaknyşyklara goşulmagy bu ýörelgä zarba urýar. Edil rasionalizm we milli ygtyýar ýörelgeleriniń iş ýüzüne geçirilişinde bolşy ýaly daşary syýasatda-da käbir gyşarnyklyklaryń bolandygyny kabul etmek gerek.
Netijede öńbaşçylyk eden rasionalizme, milli ygtyýara we parahatçylykly daşary syýasata esaslanýan Respublikanyń şu günki günde dowam etmegi Atatürkiń liderlik gözýetimini subut edýär. Geçmişdäki käbir nädogry praktikaly bir gyra goýup, Atatürki täzeden okamak we ońa düşünmek peýdaly bolar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar