Türkiýäniń we dünýäniń güntertibi 89

Gallerde geçirlen maslahatda NATO-nyń öńünde duran meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy

123613
Türkiýäniń we dünýäniń güntertibi 89

2014-nji ýylyń sentýabr aýynyń 3-4-i aralygynda NATO-nyń maslahaty geçirildi. Gallerdäki ýokary derejeli maslahatda NATO-nyń öńünde duran meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 26 agza we jemi 60 döwlediń ýokary derejeli wekilleriniń gatnaşmagyndaky maslahatda kabul edilen dört karar öńe saýlandy. Birinjisi 5000 esgerden ybart boljak Gyssagly çäre görüş güýjüniń Merkezi Ýewropa ornaşdyrylmagy baradaky karar. İkinjisi Ukraina bilen Russiýanyń arasynda hüjümleriń bes edilmegi baradaky ylalaşyk karary. Üçünjisi Yrak-Damask Yslam Döwleti guramasy we beýleki terror guramalary bilen göreşmek üçin 10 agzadan ybarat boljak hyzmatdaşlygyń döredilmegi baradaky karar. Dördünjisi Türkiýäniń sebitleýin pozisiýasynyń ýańadandan nygtalmagy. Şol çäkde möhüm waka Prezident Erdogan bilen Prezident Obamanyń birnäçe wagtdan soń ilkinji gezek özara duşuşmagy boldy. Şol duşuşyk hem Türk-Amerikan gatnaşyklary taýdan hem-de Türkiýäniń gündogar bilen günbataryń arasynda köpri pozisiýasynyń ýańadan öńe saýlanmagy taýdan möhüm. Hem Gallerdäki maslahat hem-de güýçlenen Türk-Amerikan gatnaşyklary, türk daşary syýasaty, sebitleýin we halkara syýasat taýdan öwrülşik nokady bolup biler.


NATO, dünýäniń iń güýçli, bitewileşen we tejribeli howpsyzlyk guramasy bolmagynda galýar. ABŞ-nyń we Ýewropa ýurtlarynyń harby, ykdysady, syýasy we tehnologik güýji, NATO-ny naýbaşy gurama öwürdi. Şol güýç baş sekretar Rasmusseniń maslahatda nygtaýşy ýaly Transatlantika sebitini howpsyz, durnukly abadançylyk adasyna öwürdi. NATO-nyń 1949-njy ýylda döredilmeginden bäri, esasanda sowuk urşuń dowamynda agzalarynyń howpsyzlygyny üpjün etmekde üstünlikli bolandygyny belläp geçmek ýerlikli bolsa gerek. Emma onuń üýtgewsiz üstünlik, ýagny her şertde we meselede üstünlikli bolandygyny aýtmak kyn. Esasanda sowuk uruşdan soń NATO düýpli garşylyklar görkezildi. Hat-da NATO-nyń hem öz agzalarynyń arasynda hem-de dünýade durnuksyzlyk emele getirendigi we çaknyşyklara meçew berendigi barada ylmy garaýyşlar bar.


Mysal üçin Russiýanyń Ukrainany basyp almagy we YDYD guramasy meselesi NATO-nyń we agza ýurtlarynyń güýjüniń çäklerini ýüze çykardy. Ukraina NATO agza bolmasa hem NATO-nyń ähli agzalary tarapyndan aç-açan goldanan ýurt. Muńa garamazdan Russiýa Ukrainanyń Krym Awtanomiýasyny NATO-nyń gözüne basyp aldy we özüne birikdirdi. NATO-nyń agzalary şol birikdirmäniń öńüni alyp bilmeýşi ýaly, goýan embargolary hem netije bermedi.Maslahatyń dowamynda Russiýa bilen Ukrainanyń arasynda hüjümleriń bes edilmegi barada gazanylan ylalaşyk dowam edýän urşuń bes edilmegini ýola goýup biler, emma Krymyń ozalky hukuk derejesine eýe bolmagy üçin entek köp tagalla edilmeli.


NATO-nyń agzalarynyń has barnyksyz performansy Siriýa meselesinde görüldi. Siriýa meselesiniń ýüze çykmagynda NATO-nyń agzalarynyń ählisiniń az ýa-da köp, gönüden ýa-da aýlawly paýlary bar. Siriýadaky içerki urşuń möwjemeginde NATO agza ýurtlaryń käbirleriniń aktiw, käbirleriniń passiw täsirleri ünsden düşürilmeli däl. Türkiýäniń serhet howpsyzlygy Siriýa tarapyndan birnäçe gezek bozuldy. Bir sany türk harby uçary Siriýa tarapyndan ulup düşürildi. Türkiýäniń milli howpsyzlygyna wehim salyndy. Emma NATO meşhur 5-nji maddany güýje girizmedi, agzalaryndan birine hüjüm guralan halatynda güýje girmeli howpsyzlyk mehanizminden peýdalanmady. Onuń deregine 4-nji maddanyń çäginde Türkiýäniń ýanynda durulýandygy beýan edildi, serhedine “patriot” roketa goranyş ulgamlary ornaşdyryldy. Onuń Türkiýäniń howpsyzlygyna ońyn goşant goşandygy kabul edilýän hem bolsa, Siriýadan abanýan howp dolulygyna ortadan aýrylmady. Görülen çare Türkiýäniń günorta serhedindäki howpsyzlyk wehimini ortadan aýyryp bilmedi.


Siriýadaky çykgynsyzlyk NATO-nyń agzalaryny aladalandyrýan YDYD guramasy ýaly terror guramalaryny güýçlendirdi. NATO agza ýurtlar we esasanda ABŞ, Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa ýaly ýurtlar YDYD guramasynyń üç aýa golaý wagtdan bäri edýän terrorçylykly hüjümlerine garşy hiç hili çare görmedi. Emma indi YDYD guramasy sebitleýin durgunlyga howp salmaga başlandan soń NATO çäre görmegiń möhümdigini öńe sürýär. YDYD guramasynyń dińe sebitde ýerleşýän ýurtlara däl, şol bir wagtda dünýäniń howpsyzlygyna wehim salýandygyna giç hem bolsa göz ýetirildi.


NATO agza ýurtlar ine şu iki mesele boýunça täsirsiz pozisiýalaryny indi düzetmäge synanşýar. Gallerdäki maslahatyń maksady Owganystan meselesi bilen birlikde Ukraina we YDYD guramasy meselelerine-de çözgüt tapmakdy. Şol çäkde Russiýanyń gündogar Ýewropa ýurtlaryna guramagy ähtimal hüjümleriniń öńüniń alynmagy we YDYD guramasyna garşy guryýer operasiýasyndan daşgary harby, howpsyzlyk, ykdysady we syýasy operasiýalaryń geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Prezident Obama metbugata beren beýanatynda şeýle strategiýanyń taýarlanýandygyny nygtady. Şol strategiýanyń nämeleri göz öńünde tutýandygy, çäkli koalisiýadaky ýurtlaryń pozisiýalarynyń nähili boljakdygy we ýüze çykmagy ähtimal howplar ara alynyp maslahatlaşylýar. Mysal üçin Türkiýäniń şol strategiýada möhüm pozisiýa eýelejekdigi nygtalýar, emma onuń nähili boljakdygy beýan edilmedi. Şol näbellilikler sebäpli NATO-nyń kararlarynyń durmuşa geçirliş etabynda nägilelikler ýüze çykyp biler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar