Türkiýäniń we dünýäniń gün tertibi 88

Türkiýäniń içeri we daşary syýasatynda täze döwrüń başlangyçlary

115789
Türkiýäniń we dünýäniń gün tertibi  88

Premýer ministr R.T.Erdogan 28-nji awgustda Prezidentlik wezipesini 11-nji Prezident Abdulla Gülden resmi taýdan kabul edip aldy. Prezident Erdogan yz ýanyndan bolsa Daşary işler ministri Ahmet Dawutoglyny Premýer ministrlige belledi. Dawutogly bolsa ertesi güni ministrler kabinetiniń täze düzümini yglan edip, işe başlady. Bu wakalaryń Türkiýäniń içeri we daşary syýasatynda täze döwrüń başlangyjydygy öńe sürülýär. Umumy garaýyş bu wakalaryń täze Türkiýäniń gurluş tapgyry bolandygy dogrusynda. Bu garaýyş terminalogik we syýasy manylary beýlede dursun, konstruktiw wezipeler taýdan dogry. Eýsem Erdoganyń prezident bolmagy we ýerine hem partiýanyń başlygy hem-de premýer ministr hökmünde Dawutoglynyń geçmegi elbetde täzelik. Emma prezidentlikde we premýer ministrlikde edilen wezipe çalşyklary täze döwür bilen bagly ýüzlenme berýärmi? İń esasysy bu Türkiýäniń içeri, daşary, ykdysady we beýleki syýasatlarynda haýsydyr bir özgerlişige sebäp bolarmyka? Dawutoglynyń başlyklyk etmegindäki 62-nji hökümetiń garaýyşy we missiýasy nähili bolarka?


Täze şertleriń nähili täzelige eýedigine düşünmek üçin elimizde iki maglumat bar. Birinjisi hökümetiń täze düzüminiń kompozisiýasy, beýlekisi bolsa Erdoganyń, Dawutoglynyń we beýleki ýolbaşçylaryń beren beýanatlary. İlki bilen 62-nji hökümetiń kompozisiýasynyń ozalky hökümetden beýle tapawutly bolmandygyny nygtap geçeliń. 1 premýer ministrden we 25 ministrden ybarat bolan hökümetden dińe 3 ministr çalyşdy, 4 sany täze ministr bellendi we 1 sanysynyń gözegçilik edýän ministrligi çalyşdy. Ozalky we täze ministrleriń profiline seredilende 62-nji hökümetiń esasy ugrunda uly özgerlişigiń bolmajakdygy, durnuklylygyń dowam etjekdigi görülýär. İń esasy ugurlar ykdysadyýet we daşary işler ministrlikleridi, şol ugurlarda-da yzgiderliligiń boljakdygyny aýdyp bileris. Eýsem ykdysady syýasatyń ozalky gönükdirijileri pozisiýalaryny gorap sakladylar. 62-nji hökümetiń ykdysady syýasaty 12 ýyldan bäri bolşy ýaly ýene-de Ali Babajanyń öńbaşçylygynda dowam eder. Türkiýäniń ykdysadyýeti dünýä ykdysadyýeti bilen utgaşmaga, ykdysady deńagramlyklar goralmaga we ynam faktory güýçli bolmaga dowam eder.
Gyzyklanma bildirilýän beýleki bir ugur bolsa daşary syýasat. Daşary syýasat bilen bagly iki özgerlişik boldy: Dawutoglynyń ýerine ÝB ministri Mewlüt Çawuşogly geçdi, Mewlüt Çawuşoglynyń ýerine bolsa ÝB boýunça ozalky baş sekretar we diplomat Wolkan Bozkyr geçdi. Bu iki ministrlikdäki özgerlişik daşary syýasatda hem özgerlişigi hem-de yzgiderliligi görkezýär. İlki bilen özgerlişik tarapyna seredenimizde Türkiýäniń ÝB-ne agzalyk etabynyń depgininiń güýçlenjekdigi görülýär. Onuń ilkinji alamaty Erdoganyń prezidentlik wezipesini kabul edip alýarka eden çykyşynda ÝB-ne üns çekmegi. Erdogan ÝB-ne agzalygyń Türkiýäniń strategiýasydygyny aýtdy. Onuń ilkinji başlangyjy Wolkar Bozkyryń ÝB ministrligine bellenmegi boldy. Sebäbi Wolkan Bozkyr ÝB-ne agzalygy kär we pikir taýdan ykrar eden diplomatlardan biri. ÝB boýunça baý tejribä we performansa eýe. Wolkan Bozkyr şertlere laýyklykda Türkiýe bilen ÝB-niń arasyndaky doly agzalyk gatnaşyklaryny güýçlendirmek üçin ýokary tagalla eder. Eger-de şol tagallalar ońyn netijeler beren halatynda geljekki döwürde türk daşary syýasatynda täze ruhuń beýgelme ähtimallygy ýokary.


Emma beýleki tarapdan, Türkiýäniń esasanda Ýakyn Gündogar we Siriýa syýasatynda haýsydyr bir özgerlişigiń bolmajakdygy görülýär. Erdogan we Dawutogly eden çykyşlarynda Türkiýäniń hususan Siriýa umuman Arap bahary syýasatynyń wyždany we gumanitardygyny öńe sürmäge dowam etdiler. Şeýlelikde Türkiýäniń Asada we hökümetine garşy durmaga, Asadyń garşydaşlaryny goldamaga, Sisi bilen gatnaşyklary çäkli tutmaga, Hamasy goldamaga, Ysraýyly tankyt etmäge, Yrakda syýasy we territorial bitewiligiń tarapynda durmaga, kürt meselesini çözmäge dowam etjekdigini aýdyp bileris.


Bu taýdan çykan netije şeýle: Eger Türkiýe şu syýasaty dowam etdirjek bolsa onuń binagäri bolan Dawutoglynyń häkimiýeti dowam eder. Dawutogly hem premýer ministr hem-de daşary işler ministri Çawuşogly bilen utgaşyklykda türk daşary syýasatyny ugrukdyrmaga we dolandyrmaga dowam eder. İne şol jähtden garalanda türk daşary syýasatynda haýsydyr bir özgerlişige garaşylmaýar.


Täze döwürde üýtgemejek beýleki syýasatlar: Çözügt etaby, parallel döwlet atlandyrylan illegal struktura garşy göreş, konstitutsiýanyń täze tekstiniń taýarlanmagy ugrundaky tagallalar. Çözgüt etabynyń Premýer ministr Dawutoglynyń ýolbaşçylyk etmeginde Wise-premýer Bülent Arynjyń utgaşdyryjylygynda dowam etjekdigi habar berildi. Beýleki wise-premýerleriń hem degişli goldawy berjekdikleri nygtaldy. Beýleki ugurlardaky yzgiderlilik dowam etdiriler. Demokratiýalaşma, adam hukuklary, şäherleşme, bilim, saglygy saklaýyş we beýeki ähli ugurlarda 12 ýyllyk tejribäniń dowam etjekdigini aýtmak mümkin.


Jemläp aýdanymyzda Dawutoglynyń ýolbaşçylygyndaky 62-nji hökümetiń 9 aýa golaý dowam etjek möhletde şeýle düýpli we tapawutly syýasat alyp barmagyna garaşylmaýar. Bu hökümet 2015-nji ýylyń 7-nji iýunynda geçirilmegi meýilleşdirilýän umumy saýlawlara çenli durnuklylygy gorap saklamaga we täze Türkiýäniń infrastrukturasyny döretmäge synanşar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar