Türkiýäniń we dünýäniń gün tertibi 86

YDYD guramasy we onuń alyp barýan işleri sebitde hem-de dünýäde geń galdyryjy ýagdaýy ýüze çykardy

100525
Türkiýäniń we dünýäniń gün tertibi 86


Ýakyn Gündogarda sońky ýyllarda başdan geçirilen wakalardan biri Yrak-Damask Yslam Döwlet atly gurama. YDYD guramasy we onuń alyp barýan işleri sebitde hem-de dünýäde geń galdyryjy ýagdaýy ýüze çykardy. Emma has-da geń galdyryjy ýagdaý halkara jemgyýetçiliginiń we güýçleriniń şol gurama görkezýän gapma-garşylykly we gijä galan reaksiýalary hem-de çemeleşmeleridir. Bu gurama bir ýyldan bäri Siriýada we bir aýa golaý wagt bäri hem Yrakda ýaragly aksiýalary guraýar, ilçihanalara hüjüm guraýar, adamlary zamun alýar, döwletleriń serhetlerini bozýar, şäherleri basyp alýar, terrorçylyga baş goşýar, adamlaryń kellesini kesýär, messep urşuny turuzýar. Bu wagşylyga we hukuksyzlyga garamazdan esasanda sebitde täsirli bolan global hem-de sebitleýin güýçlerden düýpli reaksiýa görkezilmeýärdi. Ne Yragyń we Siriýanyń serhetleriniń kesgitlenmeginde başda duran Britaniýadan hem-de Fransiýadan, ne-de ABŞ-dan we Russiýadan YDYD guramasyna ses çykmaýardy.
Tä YDYD guramasynyń başbozarlary ilki Erbil şäherine howp salmaga we ýezidileri öldürmäge, soń Mosul bendini almaga başlaýança. Bu wakalar halkara güýçleriniń we jemgyýetiniń berk reaksiýasyny ýüze çykardy. Resmi Waşington YDYD guramasynyń Erbile abanýan howpyny ýezidilere gyrgynçylyk ähtimallygyny sebäp görkezmek arkaly howa operasiýasyny gurady. Şeýlelikde Obama ilkinji gezek dińe YDYD guramasyna garşy däl, eýsem Yrakdaky we Siriýadaky wakalara garşy operasiýa gurady. Soń bolsa has güýçli reaksiýa görkezildi. BMG-nyń Howpsyzlyk geńeşi YDYD guramasyna we beýleki terror guramalaryna garşy bir agyzdan 2170 belgili karary kabul etdi. Bu karar sońky ýyllarda sebit barada kabul edilen iń esasy karar. Sebäbi BMG-nyń Howpsyzlyk geńeşiniń hemişelik bäş agzasy ne Siriýa meselesinde ne-de beýleki sebitleýin meselelerde ylalaşyp bilmeýärdi. YDYD guramasyna garşy gazanylan bu halkara ylalaşygynyń möhüm ähmiýeti we täsiriler bar.
2170 belgili kararyń ähmiýetini we täsirlerini beýan etmezden ozal, gysgaça mazmuny barasynda durup geçmek ýerlikli bolar. Karar YDYD, Nusra we Al Kaýda ýaly terror guramalarynyń öńüniń alynmagy üçin käbir çäreleriń görülmegini göz öńünde tutýar. Karar arkaly halkara jemgyýetçiliginiń we güýçleriniń YDYD guramasyna hem-de beýleki terror guramalaryna material bermegi, maliýe goldawyny bermegi gadagan edilýär, YDYD guramasynyń we Nusranyń 6 agzasynyń gadagan edilmegi islenýär. İń esasysy şol karary berjaý etmeýän ýurtlara garşy ykdysady embargonyń goýulmagy islenýär, emma harby çäre göz öńünde tutulmaýar.
2170 belgili karar we ondan ozal guralan Amerikan operasiýalary YDYD guramasyna we terror guramalaryna garşy indi aýgytly syýasat alynyp baryljakdygyny görkezýär. Germaniýa, Fransiýa we Russiýa YDYD guramasyna garşy göreşýän kürtlere syýasy hem-de harby goldaw bermäge başlady. Fransiýa we Germaniýa peşmergeleri güýçlendirmek üçin harby, diplomatik we syýasy goldaw berdi. ABŞ-nyń howa operasiýasy bilen birlikde peşmerge tarapyndan guralan gury ýer operasiýasynyń netijesinde YDYD guramasynyń güýji azalmaga başlady. YDYD guramasy Erbilden we kürtlere degişli şäherlerden çetleşdirildi. Ýezidiler üçin howpsyz zolak döredildi, Mosul bendi YDYD guramasynyń howpyndan halas edildi.
Emma, has möhüm waka Yrakda Premýer ministr Malikiniń ýerine Haýdar Al Abadiniń premýer ministr hökmünde bellenmegi. Üç möhletden bäri premýer ministr bolan Malikiniń zor bilen häkimiýetden çetleşdirilmeginde YDYD guramasyna guralan operasiýalaryń täsiriniń bardygy äşgärdir. Sebäbi Malikiniń ýolbaşçylygyndaky hökümet YDYD guramasyna garşy göreşip we Yragyń howpsyzlygyny üpjün etmegiń hötdesinden gelip bilmedi. Bu hem onuń başarnyksyzdygyny ýüze çykardy. Şonuń netijesinde başda ABŞ-nyń durmagynda halkara jemgyýetçiligi Malikiniń iş başyndan gitmegini isledi. Hat-da şol ýurtlaryń hatarynda Eýranyń hem bardygy nygtalýar. Netijede YDYD guramasynyń sońky aýlardaky hüjümleri we Yrakda käbir ýerleri basyp almagy Malikiniń häkimiýetden çetleşmegine sebäp boldy.
2170 belgili kararyń has uly we uzak möhletli netijeleriniń boljakdygy öńe sürlüp bilner. Halkara jemgyýetçiliginiń we esasanda Howpsyzlyk geńeşiniń hemişelik bäş agzasynyń YDYD we Nusra ýaly terror guramalaryna garşy hyzmatdaşlyk etmegi, Yrakda we Siriýada täze döwri başladyp biler. Eger şol syýasat netijeli bolan halatynda ýagny YDYD, Nusra we Al Kaýda guramalary Siriýadan hem-de Yrakdan dolulygyna saplanan halatynda iki ýurtda-da täze syýasy dolanşygyń ýüze çykmagy mümkin. Şol syýasy netijä görä Siriýada Russiýa we Eýran tarapyndan goldanýan Başar Asadyń, Yrakda bolsa ABŞ we Eýran tarapyndan goldanýan Abadiniń hökümeti tassyklandygy bolar. Şeýlelikde Abadiniń hökümetinde şaýy-sünni-kürt koalisiýasynyń döredilmegi ýola goýlup bilner.
Bu wakalaryń Türkiýe we beýleki sebit ýurtlary üçin hem çynlakaý netijeleri ýüze çykyp biler. Türkiýe jähtinden ilkinji ońyn netije YDYD guramasy tarapyndan zamun alynan 49 türk raýatynyń boşadylmagy bolar. Ýaramaz netije bolsa Başar Asadyń hökümeti halkara güýçler tarapyndan tassyklanan halatynda Türkiýe-Siriýa gatnaşyklaryndaky dartgynlyk ýene-de birnäçe wagt dowam edip biler. Emma beýleki tarapdan YDYD, Nusra we Al Kaýda ýaly guramalaryń Siriýadan saplanmagy Türkiýäniń howpsyzlygyna we bähbidine laýyk ońyn waka bolar. Peşmergeleriń gińden ýaraglanmagy we ýeńiş gazanmagy “Çözgüt etaby” taýdan täsin ýagdaýy ýüze çykarar.
Siz Marmara uniwersitetiniń Syýasat ylmy we halkara gatnaşyklar bölüminiń mugallymy Prof.Dr. Ramazan Gözeniń Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän sońky wakalar baradaky synyna gulak asdyńyz.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar