Türkiýtäniń we dünýäniń gün tertibi 84

Ysraýylyń Gaza guran hüjümlerine iń berk reaksiýa görkezen ýurtlardan biri Türkiýe boldy

84377
Türkiýtäniń we dünýäniń gün tertibi 84

Ysraýylyń Gaza guran hüjümlerine iń berk reaksiýa görkezen ýurtlardan biri Türkiýe boldy. Türkiýeden tas ähli derejelerde Ysraýyly ýazgarýan beýanatlar berildi. Resmi ýa-da resmi däl, hökümet-oppozisiýa, sagçy-çepçi, milletçi-yslamçy her bir gatlakdan toparlar Ysraýylyń hüjümlerine garşy beýanatlar berdi, ýörişler geçirdi. Elbetde bularyń arasynda iń esasysy Türkiýäniń Ysraýyl bilen Hamasyń arasynda hüjümleriń bes edilmegi ugrunda alyp baran diplomatik tagallasydy. Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly hem ikiçäk duşuşyklar bilen hemde Pariždäki halkara maslahata gatnaşyp hüjümleriń bes edilmegi ugrunda ýokary tagalla etdi. Bu etapda Türkiýe şu syýasaty alyp bardy: Hüjümler dessine bes edilmeli, Ysraýylyń esgerleri Gazadan yzyna çekilmeli we degişli halkara düzgünler berjaý edilmeli. Bu etapda aç-açan beýan edilmedik hem bolsa şol düzgünleriń iń esasylary şular: Ysraýylyń Gaza goýan embargosy we çäklendirmesi bes edilmeli, Gazanyń halky tarapyndan saýlanan Hamasyń Palestinanyń hökümetinde orun almagyna rugsat berilmeli, iki döwletli çözgüt usuly durmuşa geçirilmeli we Ysraýylyń şol düzgünleri berjaý etmegi ýola goýulmaly.
Türkiýäniń Gaza syýasatyna Ysraýyl we Ysraýyly goldaýan döwletler tarapyndan garşylyk görkezilýär. Türkiýäniń Hamasa we palestinalylara goldaw berýän syýasat alyp barmagy käbir döwletleri, syýasatçylary we toparlary biynjalyk edýär. Türkiýäniń adyna aýdylan şol tankydy bellikleriń näderejede hakykata laýyk we ýerliklidigini seljermek dogry bolsa gerek. Türkiýe Hamasa we palestinalylara näme sebäpli goldaw berýär? Umuman Türkiýäniń Palestina syýasaty nähili?
Hawa, Türkiýe Hamasa we Pastinalylara açk hem-de güýçli goldaw berýär. Şol goldawyń taryhy 1960-njy ýyllara çenli uzap gidýär. Sosiologik we syýasy gözbaşy bütin Türkiýeden gaýdýar. Türkiýede Ysraýyl-Palestina meselesinde tapawutly garaýşa eýe bolan gatlaklar bar hem bolsa, umuman güýçli goldaw bar. Türkiýäniń hökümetleri we jemgyýetçilik gatlaklary Ysraýylyń Palestina degişli ýerleri basyp almagyna garşylyk görkezip, Palestina döwletiniń gurulmagyny islediler, adam hukuklaryna edilen ähli äsgermezçilikleri, İýerusalim ýaly mukaddes ýerleriń basylyp alynmagy, terrorçylygy ýazgardylar.
Türkiýäniń bu syýasaty dińe bir dini, medeni we taryhy sebäplerden däl, iń esasysy halkara hukugyna we normalaryna esaslanýar. Türkiýe bütin dünýä tarapyndan bilinýän, emma berjaý edilmeýän BMG-nyń kararlarynyń durmuşa geçirilmegini isleýär. BMG-nyń Howpsyzlyk Geńeşiniń başda 242-nji we 338-nji, umuman ähli kararlarynyń dińe kagyz üstünde galmagyny däl, olaryń berjaý edilmeginiń tarapynda durýar.
Türkiýe şol kararlaryń çäginde Ysraýyl tarapyndan basylyp alynan Palestina degişli ýerleri yzyna bermegini, legal bolmadyk ýaşaýyş zolaklarynyń gurluşygynyń bes edilmegini, bigünä tussaglylaryń boşadylmagyny we hukuk kadalaryna laýyk Palestina döwletiniń gurulmagyny isleýär. Türkiýe şol çäkde 1978-nji ýylda Palestinanyń hökümetine ilçihana açmaga rugsat berýär, 1988-nji ýylda Sürgündäki Palestina döwletini ykarar eden ilkinji ýurt boldy, 1993-nji ýylda başlan Arap-Ysraýyl ýaraşyk gepleşiklerini goldady we sońunda Gazanyń azat bolmagy üçin iş alyp bardy.
Beýleki tarapdan Türkiýäniń Palestina syýasaty sońky 10 ýylda Adalat we ösüş partiýasynyń döwründe iń ýokary çägine ýetdi. Hökümet sońky ýyllarda has güýçli çykyş we tagalla edýär. Onuń umumy syýasaty ýönekeý hukuk başlangyçlaryna esaslanýar: Edil halkara jemgyýetçiliginiń beýan edişi ýaly halkara hukugyna we şertnamalara laýyklykda iki döwletli çözgüt tapylmaly. Ýagny Ysraýyl döwletiniń ýanynda hakyky Palestina döwleti gurulmaly. Hemmeleriń kabul edişi ýaly: şol döwletiń ülkesi bolmaly, demokratiýa esaslanýan hökümeti bolmaly, halkyń ygtyýary döwletiń kararlarynda beýan tapmaly we döwletiń çägi hem-de özygtyýarlylyk hukuklary bozulmaly däl.
Eýsem Palestina döwleti şol özboluşlyklara eýemikä? Gynansagam eýe däl. Palestina ülkesi Ysraýylyń hüjümlerine we basybalyşlaryna sezewar. Demokratik ýagdaýda saýlanan Hamasy Ysraýyl we günbatar ykrar etmeýär, halkyń ygtyýaryna sarpa goýulmaýar. Palestinanyń serhetlerine we özygtyýarlylygyna sarpa goýulmaýar. Bu meseleleriń sebäbi bir tarapdan palestinalylaryń özleri hem bolsa, esasan Ysraýyl we halkara jemgyýetçiliginiń ýalńyş syýasatlary.
Türkiýe şol sebäpleriń ikisine-de göz ýetirýär. Ýagny Türkiýe hem palestinalylaryń öz aralaryndaky düşnüşmezligini çözmäge synanşýar, hem-de Ysraýylyń ýalńyşlyklaryny we illegal çemeleşmesini tankyt edýär. Türkiýe Hamasy ykrar edýär we onuń Abbas bilen ylalaşmagyny we bilelikde hökümet gurmagyny goldaýar. Beýleki tarapdan Ysraýylyń ýalńyşlyklaryny bütin dünýä paş edýar, meseläni çözmek üçin irginsiz tagalla edýär.
Sońky döwürde Ýakyn Gündogarda möwjeýän dartgynlyk Türkiýäniń sońky 10 ýyldaky Palestina we Gaza syýasatyna ýaramaz täsir ýetirdi. Türkiýäniń Ysraýyla täsir ýetirme güýji azaldy. Esasanda Arap baharynyń netijesiz tamamlanmagy we Siriýadaky, Yrakdaky, Müsürdäki, Liwiýadaky ýaramaz ýagdaý meseläniń çykgynsyzlaşmagyna hem-de tagallalaryń netijesiz galmagyna sebäp boldy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar