Türkiýäniń we dünýäniń gün tertibi 82

Ysraýylyń 12-nji iýunda Gaza guramaga başladan howa hüjümleri sońky günlerde giń gerimli gury ýer oprasiýasyna öwrüldi.

75492
Türkiýäniń we dünýäniń gün tertibi 82

Ysraýylyń 12-nji iýunda Gaza guramaga başladan howa hüjümleri sońky günlerde giń gerimli gury ýer oprasiýasyna öwrüldi. Elbetde bu operasiýa çaknyşyklaryń we gyrgynçylyklaryń derejesini artdyrdy. Sözüń doly manysynda basybalyjylykly ýagdaý ýüze çykdy. Şeýlelikde Ysraýyl-Palestina meselesinde täze döwür başlana meńzeýär. Ysraýyl 1967-nji ýylda basyp alan, emma 2005-nji ýylda yza çekilen Gaza şäherini ýene-de bir gezek guryýerden basyp almaga başlady. Basybalyjylykly hüjümiń ilkinji netijeleri ýüzlerçe bigünä palestinalynyń öldürilmegi, öýleriń we şäherleriń ýer bilen ýegsan edilmegi, müńlerçe adamyń ýaralanmagy we beýleki ýitgiler. Bu apatyń has agyr tarapy Ysraýylyń wagşylarça hüjümlerine garamazdan birnäçe döwlet hem-de halkdan daşgary bütin dünýäniń pajygany bes etdirip bilmezligi. Ysraýyl bar güýji bilen adamlary öldürýärkä özüni medeni hasaplaýan dünýäden hiç hili reaksiýa görkezilmedi. Howpsyzlyk we adam hukuklary atlandyrylýan guramalar hiç hili pozisiýa eýelemedi. Bu meselede esasan-da jogapkär bolan BMG, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropa Geńeşi, NATO we beýleki köp sanly halkara guramasy dymmagy saýlap aldy. Beýleki tarapdan musulman dünýäsi we halklary Ysraýylyń wagşylygynyń öńüni aljak çäre tapyp bilmediler. Musulman dünýäsiniń iń uly guramalary bolan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we Arap ligasy synçy ýaly çemeleşmegä dowam etdi.
Elbetde dünýäniń köp sanly ýerinde ýerli protestler, aksiýalar we reaksiýalar görkezildi. Olaryń başynda Türkiýäniń durýandygyny kabul etmek ýerlikli bolsa gerek. Türkiýäniń iń ýokary derejeli ýolbaşçylaryndan iń aşakky çäge çenli bolan gullukçylary Ysraýyly ýazgardylar. Premýer ministr Erdogan, hökümetiń agzalary berk reaksiýalar görkezdiler. Prezident Gül hem wakalary resmi derejede ýazgardy. Jemgyýetçilik guramalary Ysraýylyń ilçihanasynyń we konsullygynyń öńünde protestler geçirdiler. Mejlisde wekilçilik edilýän syýasy partiýalaryń wekilleri Ysraýyly ýazgarýan jarnama çap etdiler. Elbetde dünýäden hem käbir tankydy bellikler aýdyldy. ABŞ-daky we Ýewropadaky käbir şäherlerde ýokary gatnaşykly ýörişler guraldy. Hat-da şolardan birinde dindar ýehudileriń Ysraýyly tankyt edendikleri görüldi. Amerikaly dindarlar ýehudilerden biriniń Ysraýyly legal bolmadyk döwlet hökmünde häsýetlendirmegi üns çekijidi.
Ysraýylyń hüjümleriniń we netijesiz reaksiýalaryń esasy sebäbi dünýä ulgamynyń Ysraýylyń bähbidine ony alalamagydyr. Düýbi 2-nji jahan urşundan soń tutulan we wagtyń geçmegi bilen kämilleşen dünýä ulgamy, Ysraýyl döwletiniń üstün bolandygy pikirine görä işleýär. Dünýä ulgamynyń esasy ugrukdyryjylary bolan günbatar ýurtlary, halkary we olaryń häkimiýeti astyndaky halkara guramalary Ysraýylyń hüjümlerini elmydama görmediksiräp geldiler. Halkara ykdysady ulgamy, media ulgamlary, hat-da bilim, sport, sungat, medeniýet, ýarag pudagy we halkara jemgyýetçiligi diýilýäni elmydama Ysraýylyń bigünädigine we onuń goldanmalydygy pikirine eýe boldular. Ysraýyl döwleti aslyna seredilende bu dünýä ulgamynyń “emeli çagasy” we ähli düzgün bozmalaryna garamazdan eldegirilmesiz “lälik diýdimzor” ýaly.
Bu tesizler anyk delillere esaslanýar. Ysraýyl döwleti BMG-nyń Baş assambleýasynyń 1947-nji ýyldaky 181 belgili karary blen sionizm ideologiýasyna laýyklykda gurulýar. Başga bir söz bilen aýdylanda Ysraýyl tebigy ýagdaýda däl, eýsem günbatar ýurtlarynyń häkimiýeti astyndaky BMG-nyń mejbury karary bilen emele geldi. İne şonuń üçinem “emelidir.” Beýleki tarapdan Ysraýyl gurlan gününden başlap köp sanly illegal hüjümleri gurandygyna garamazdan dünýä ulgamy hiç haçan sesini çykarmady. İne şol sebäpli hem “lälikdir.”
Meseläniń beýleki bir tarapy bolsa dünýä ulgamynyń aktiw ugrukdyryjylarynyń Ysraýyl barada ońyn we palestinalylar barasynda ýaramaz pikire eýe bolmaklary. Açyk aýdylanda esasanda günbatar dünýäsinde Ysraýylyń bigünä we hemaýat edilmeli garyndaş, emma palestinalylaryń howplydygy pikiri bar. Şol umumy düşünje sebäpli Ysraýyl näme etse etsin mamla, palestinalylar bolsa hiç zat emedik hem bolsa nähak görüler. İne şu umumy dünýä garaýyşy şeýle wakalarda öz-özünden Ysraýylyń tarapyna geçýär duruberýär.
Meseläniń esasy tarapy bolsa dünýä ulgamynyń täsirsiz agzasy ýaly duran musulman dünýäsiniń başdan geçirýän gynandyryjy ýagdaýy. 1,5 milliarddan gowrak ilata we baý tebigy gurluşa, ykdysadyýete, taryhy we medeni gymmatlyklara eýe bolan musulman ýurtlary gynansagam Palestina meselesinde ejizlik edýärler. Ne 1,5 milliardlyk ilat, ne olaryń eýe bolan döwletleri, ne-de döreden halkara we jemgyýetçilik guramalary çözgüt tapyp bilmeýär.
Şeýlelikde musulman dünýäsi dünýä ulgamyndaky ońaýsyz pozisiýasyny üýtgedip bilmeýär, öz içindäki bölünşikleriń we çaknyşyklaryń öńüni alyp bilmeýär, halkara gatnaşyklarynda güýçli pozisiýa eýeläp bilmeýär. Beýleki bir sebäbi bolsa musulman ýurtlarynyń içeri we daşary syýasatlarynda goýberýän düýpli kemçilikleri we ýalńşlyklary. Sońky döwürde esasanda Siriýa we Yrak meseleleri ýaly sebitleýin meselelerdäki syýasy ýalńyşlyklar Palestina meselesiniń şeýle pajygaly sepgide ýetmegine täsir ýetirdi. Arap baharynyń netijesiz tamamlanmagy, Müsürde harby hökümet agdarlyşygy we Musulman doganlar guramasynyń agzalarynyń ýok edilmäge synanşylmagy hem şol faktorlardan biri

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar