Türkiýänin we dünýäniň gün tertibi 81

Ysraýyl Gaza hüjüm guraýar

64325
Türkiýänin we dünýäniň gün tertibi 81

Ysraýyl 3 raýatynyň palestinalylar tarapyndan zamun alynandygy bahanasy bilen 12-nji iýundan bäri Gaza hüjüm guraýar. Bu, Ysraýylyň ilkinji hüjümi däl. Onlarça ýyldan bäri guraýan hüjümlerinden biri. Soňky hüjümler sebäpli ýüzlerçe adam ýogaldy we ýaralandy. Ýaşaýyş jaýlary ýer bilen ýegsan edildi. 1,5 million palestinalynyň ýaşaýan şäheri Gaza ýene-de bir gezek içine gömüldi. Beýleki tarapdan Günbatar Şeriýada ýaşaýan palestinaly ýolbaşçylar, halk deputatlary we ministrler bilen birlikde 500-e golaý syýasatçy tussag edildi. Operasiýalaryň has-da güýçlenjekdigi, giň gerimli gury ýer hüjümleriniň başlajakdygy öňe sürülýär. Bu hem aslyna seredilende täze bir Ysraýyl-Palestina urşy manysyny aňladýar.
Ysraýyl bu hüjümini hem hemişe bolşy ýaly palestinalylaryň terrorçylykly aksia gurandygy garaýşyna esaslandyrdy. Emma bu terror garaýşynyň hakykaty beýan etmeýändigi we hüjümlerde aşa güýç ulanylandygyny we gyrgynçylyk edilendigini diňe käbir adamlar aýdyp bildi. Onlarça ýyldan bäri bolşy ýaly Ysraýylyň Gazada eden gyrgynçylygyny dünýä ýurtlary görmezlikden geldi. ABŞ bilen günbatarly ýurtlar taraplara sagdyn pikirlilik çagyryşyny berdi, emma sözleri Ysraýylyň hüjümlerini bes etmegine hiç hili täsirini ýetirip bilmedi. Beýleki tarapdan sebitde ýerleşýan käbir ýurtlaryň liderleri, mysal üçin Prezident Abdulla Gül we Premýer ministr R. T. Erdogan hüjümlere berk garşylyk görkezdi.
Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylmy we Halkara gatnaşyklar bölüminiň mugallymy Prof. Dr Ramazan Gözeniň mesele hakyndaky analizini dykgatyňyza ýetirýäris.

Ysraýylyň 12-nji iýunda başlan Palestina guraýan hüjümlerinde täze özgerlişik ýok. Ysraýylyň Palestina degişli Gazany we Günbatar Şeriýany 1967-nji ýylda bäri basyp almagy we basyp alyjylygyny dowam etdirmegi meseläniň özenini emele getirýär.
Ysraýyl BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kararlaryna agny halkara hukugyna garamazdan sebiti basyp alyşlyk astynda tutmaga dowam edýär. Ysraýyl diňe Gaza bilen Günbatar Şeriýany basyp almak bilen çäklenmedi, şol ýerlerde ýaşaýan asuda ilata garşy harby taýdan hüjümler gurady. Has erbedi Ysraýyl Gaza embargo goýdy; gury ýerden, deňizden we howadan embargo goýup, sebitiň dünýä bilen arabaglanşygyny kesdi. Şol syýasat Gazany dünýäniň iň uly açyk howa tussaghanasy öwürdi. Taryhda Gitleriň ýehudi lagerlerinde bolşy ýaly, 1,5 million gazaly Ysraýylyň lageriniň içinde ýaşaýar.
İň erbedi Gitlere garşy dünýä derejesinde garşylyk görkezildi, Ysraýylyň hereketlerine bolsa beýle garşylyk görkezen hem bolmady. Emma soňky waka görkezilen garşylygyň ozalky garşylyklar ýaly däldigine üns çekmek gerek. Ozallar Ysraýyla, Palestina hüjüm eden mahaly Siriýa, Yrak we Liwiýa netijesiz hem bolsa garşylyk görkezerdi. Hiç biriniň anyk täsiri bolmasa-da Saddam Hüseýin, Kaddafi we Asad tarapyndan görkeziler garşylyklar psihiki taýdan kanagatlanma dörederdi. Soňky ýyllarda bolsa Türkiýe bilen Eýran Ysraýyla uly täsir ýetirýärdi. Türkiýaniň Palestina syýasatlary Ysraýyly kyn ýagdaýa düşürýärdi we käbir meselede egilşik etmegini sebäp bolýardy.
Emma şol täsirleriň şu günki günde azalandygy görülýär. Bir tarapda “Arap bahary” etabyndaky özgerlişikler, beýleki tarapdan Siriýa krizisi Ysraýyla garşy edilýän sebitara basyş ulgamlaryny ýok etdi. Mursiden soň gelen Sisiniň, içerki urşy başdan geçirýän Asadyň, haos içindäki Liwiýanyň, nebit şyhlyklarynyň Palestina meselesinde hiç hili täsirli syýasatlary ýok diýsegem ýalňyşdygymyz bolmaz. Bu bolsa Ysraýylyň elini hasam güýçlendirýär.
Belki döwletler däl, emma Ýakyn Gündogarda dowam edýän jemgyýetçilik krizisi Ysraýyla çuňňur täsir ýetirýär. Ysraýyl, Siriýadaky we Yrakdaky oduň bir gün özüne hem syçramagyna alada bildirýär. Soňky Gaza hüjümini şol çäkde analiz etmek mümkin. Ysraýyl bu hüjümi bilen daş-töweregindäkilere ähli howplara garşy güýçli we taýardygyny görkezmäge çalyşýar, hem Hamasa hem-de sebitde Ysraýyla garşy bolan toparlara hemle atýar.
Emma türk atalar sözleriniň birinde nygtalşy ýaly “Gorkynyň ajala peýdasy ýok”. Ysraýyl sebitdäki otdan çetde durmaga çalyşsa-da, haýsydyr bir görnüşde oduň öz täsirini ýetirjekdigini kabul etmeli.
Şol täsiriň göwrümi Ysraýylyň alyp barjak syýasatyna baglydyr. Ysraýyl asuda ilaty gyrgyna bermäge dowam eden halatynda sebitdäki haos hem güýçlener we bu haosyň güýçlenmegi Ysraýyla täsirini ýetirer. Emma eger Ysraýyl hüjümleriň we gyrgynçylyklaryň ýerine parahatçylygy saýlap alan we basyp alan ýerlerinden çekilen halatynda şol oduň täsirinden çetde galyp biler.
Emma Ysraýylyň hüjümleriniň bes edilmegi we geljekde gaýtalanmazlygy diňe şol ýurduň islegine ýada ynsapyna bagly bolmaly däldir. Esasan hem ABŞ, Günbatarly ýurtlar we BMG ýaly halkara guramalar bilen Yslam ýurtlarynyň hem Ysraýyly syýasatyndan ýüz öwürtmegi üçin uly rol oýnamagy gutulgusyzdyr.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar