Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

2093739
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti, “Erdogandan Palestina diplomatiýasy” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň Günorta Afrikanyň Prezidenti Ramaphosa bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar.

Telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyň Palestina guraýan hüjümleri, özara gatnaşyklar we halkara meseleler hakynda pikir alyşyldy. Prezident Erdogan, bu meseläniň adam hukuklaryna laýyklykda çözülmegi we Ysraýylyň jezalandyrylmagy üçin tagalla etjekdiklerini belledi.

“Sabah” gazeti, “Türkiýeden Şwesiýa NATO wizasy” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň, Şwesiýanyň NATO agzalygy meselesinde TBMM-de kabul eden teswirnamany tassyklandygyny habar berýär.

“Hürriýet” gazeti, “Türkiýeden terrora garşy göreşde möhüm ýüzlenme” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirlen Milli Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyndan soň ýazmaça beýanna berlendigini mälim edýär.

Beýannamada “Ýurdumyz üçin howply bolan ähli terror guramalaryny halkara hukugyna laýyklykda ýerine we wagtyna garamazdan nyşana almaga dowam ederis” diýildi.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Türkiýäniň ABŞ-nyň Siriýadan çekiljekdigi baradaky öňe sürülýän garaýyşlar hakyndaky beýannamasy” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministrliginiň, ABŞ-nyň Siriýadan çekiljekdigi barada öňe sürülýän garaýyşlar hakynda beýannama berendigini ýazýar.

Beýannamada “Bu meselede resmi beýannama berilmezden şuňa meňzeş habarlara ünsli çemeleşilmeli” diýildi. Beýannamada, goranmak we howpsuzlyk meselelerinde sebitde başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanylýandygy nygtaldy.

“Star” gazeti, “Astana sammitinde Türkiýeden, Russiýadan we Eýrandan möhüm karar” söz başyly habarynda, Gazagystanda geçirlen Siriýa temaly 21-nji Astana gepleşikleriniň hemaýatkär ýurtlary Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň terrora garşy göreş meselesinde, Siriýadan guralýan serhetaşa hüjümlere garşy goňşy ýurtlaryň howpsuzlygyna wehim salan halatynda şol howplara garşy ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek barada karar kabul edendigini aýan edýär.



Degişli Habarlar