Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

2074016
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti, “Türki-Gresiýa hökmünde dünýä ýurtlaryna görelde bolmagy arzuw edýäris”söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Gresiýanyň Premýer-ministri Kiriýakos Mikotakis bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beren beýannamasynda “Biz Egeý deňizini parahatçylyk we hyzmatdaşlyk deňizine öwürmek isleýäris. Türkiýe bilen Gresiýa hökmünde durmuşa geçirjek işlerimiziň dünýä ýurtlaryna görelde bolmagyny arzuw edýäris”diýen sözlerine ýer berýär.

“Star” gazeti, “Erdogan, Mikotakise Lawrion düşelgesi meselesinde duýduruş berdi” söz başyly habarynda, Gresiýanyň Lawrion düşelgesini ýapmak baradaky karary hakynda durup geçen Prezident Erdoganyň “Lawrion düşelgesiniň ýapylmagyna kanagatlanma bildirdik. Gresiýanyň terrorçylara gaçybatalga bolýan şuňa meňzeş düşelgeleriň açylmazlygy meselesinde has ünsli bolmagyna ünsi çekdim” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti, “Ministr Kojanyň Gazada guruljak göçme hassahana hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň, Refah gümrük geçelgesiniň golaýynda Gaza üçin göçme hassahananyň gurulmagy meselesinde Ysraýylyň we Müsüriň Saglygy goraýyş mniistrligi bilen ylalaşyk gazanylandygyna ünsi çekendigini belleýär.

“Haber Türk” gazeti, “Türkiýäniň 11 aýlyk ançous eksporty 20 göterim artdy” söz başyly habarynda, Türkiýeden ýanwar-noýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde 12 million 202 müň 980 dollarlyk ançous balygynyň eksport edilendigini, 11 aýlyk eksportyň geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 20 göterim artandygyny ýatladýar.

“Hürriýet” gazeti, “Ezine peýniri ÝB tarapyndan bellige alyndy” söz başyly habarynda, Senagat we tehnalogiýa ministri Mehmet Fatih Kajyryň, Çanakgalanyň tanymal önümlerinden biri bolan Ezine peýniriniň ÝB tarapyndan bellige alynandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.

 



Degişli Habarlar