Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2070667
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Erdogan Gresiýany dialoga çagyrdy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň döwletleriň arasyndaky düşnüşmezlikleriň tebigy ýagdaýdygyny nygtap; “Esasy mesele şol düşnüşmezlikleriň çykgynsyzlyga öwrülmänkä çözülme ygtyýarydyr” diýen sözlerini çap edýär. Türkiýede şol ygtyýaryň bardygyny beýan eden Erdogan; “Oturyp, gepleşenimizde çözülmejek meselämiziň ýokdugyna ynanýarys. 7-nji dekabrda guramagy meýilleşdirýän Gresiýa saparymyza hem ine şol jähtden garaýarys” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Ysraýyl hukugyň öňünde hasabat berer” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ysraýylyň hukugyň öňünde hasabat berjekdigini aýdandygyny ýazýar. Prezident Erdogan; “Gazada soňky asryň iň agyr zulumlaryndan birini edýän Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu adyny şu wagtdan “Gaza gassaby” diýip ýazdyrdy” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Erdoganyň sözleri dünýä metbugatynda” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň “Netanýahu adyny Gaza gassaby diýip ýazdyrdy” diýen sözleriniň dünýäde seslenme döredendigine ünsleri çekýär. Habar gulluklary Erdoganyň beýanatyny “gyssagly” kody bilen agzalaryna ýetiren bolsa, köp sanly gazet hem şol beýannama giňden orun berdi.

“Star” gazeti “Türkiýäniň Gazadaky pozisiýasy” söz başyly habarynda, Ysraýylyň we onuň ýaranlarynyň Ysraýyl-Hamas çaknyşygyndaky dezinformasiýalaryna garamazdan günbatardaky we beýleki sebitlerdäki millionlça adamyň Türkiýe we Katar ýaly birnäçe ýurduň media organlarynyň saýasynda ýerlerde başdan geçirilýänleriň Ysraýylyň beýan edişi ýaly däldigini görendigini we reaksiýa görkezmek üçin köçelere çykandygyny mälim edýär. Ysraýyl bolsa garaýyşlary özgertme göreşinde ýeňildi.

“Ýeni Şafak” gazeti “ÝB Türkiýä Gaza boýunça ýüzlenme berdi” söz başyly habarynda, ÝB-niň Halkara gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Žozep Borrelliň çaknyşyklaryň ählisiniň çözülmegi üçin möhüm pozisiýa eýeleýan Türkiýe bilen Ýakyn Gündogardaky parahatçylyk tapgyrynda işleşmage taýýardyklaryny beýan edendigini ýazýar.



Degişli Habarlar