Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

2015037
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti, “Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy Gurhan üçin işe girişsin” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň, Pakistanyň Daşary işler ministri Bilawal Butto bilen düýn geçiren telefon söhbetdeşliginde Gurhana garşy guralýan hüjümlere degişli reaksiýanyň görkezilmegi üçin Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň işe girişmegini isländigini ýazýar.

“Star” gazeti, “Türkiýäniň ýerli awtoulagy Toggy dünýäniň çar tarapynda tanyşdyrarys” söz başyly habarynda, Senagat we tehnalogiýa ministri Mehmet Kajyryň, birnäçe ýurduň liderine Toggy sowgat etmegi maksat edinýändiklerini nygtap, “Toggy bir tarapyndan Türkiýede halkyň sürmegi üçin, beýleki tarapdan hem birnäçe ýurtda we materikde ýakyndan tanyşdyrylmagy üçin tagalla edýäris” diýen sözlerine ýer berýär.

“Sabah” gazeti, “Antalýa howa ýoly arkaly 1 günde 99 müň 149 syýahatçy geldi” söz başyly habaryna, Antalýanyň häkimi Ersin Ýazyjynyň sosial mediadan beren habarnamasynda, şenbe güni howa ýoly arkaly Antalýa 99 müň 149 syýahatçynyň gelendigine ünsi çekendigini belleýär.

“Watan” gazeti, “ Stambul howa menzili Ýewropanyň üns merkezinde” söz başyly habarynda, Ulaglar we infstruktura ministri Abdulkadyr Uragolunyň, Stambul howa menziliniň 2023-nji ýylyň iýul aýynyň 10-16-sy aralygynda günde ortaça 1487 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň uly howa menzili hökmünde ýer almagy bizi buýsandyrýar” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetiýär.

“Haber Türk” gazeti, “Milli kürekçi Elis Özbaý dünýä çempiony” söz başyly habarynda, Bolgariýada geçirlen 23 ýaşyna çenli bolan Bütin dünýä kürek çempionadynda milli kürekçi Elis Özbaýyň altyn medal alyp dünýä çempiony bolandygyny buşlaýar.



Degişli Habarlar