Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

1999299
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Türkiýäniň Nahiçewan bilen arabaglanşygy güýçlener” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Azerbaýjanda sözlän sözünde, Zengezur geçelgesiniň Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklarynyň güýçlenmegini ýola goýjakdygyny aýdandygyny ýazýar. Erdogan; “Zengezur meselesi gysga möhletde çözülen halatynda, ol bize iki möhüm ýeňillik döreder. Hem gara ýoly hem-de demir ýoly taýdan ediljek başlangyçlar Ygdyr-Nahiçewan arabaglanşyklaryny hasam güýçlendirer” diýdi.

“Star” gazeti “Aliýew: Türkiýe we Azerbaýjan daşary syýasatda mundan beýläk hem bilelikde pozisiýa eýelär” söz başyly habarynda, Azerbaýjanyň döwlet Ýolbaşçysy İlham Aliýewiň düýn sözlän sözünde; “Türkiýe we Azerbaýjan daşary syýasatda mundan beýläk hem bilelikde pozisiýa eýelärler. Daşary syýasatdaky bilelikdäki işlerimiz sebit üçin hem möhüm ähmiýete eýe. Sebitiň ösmegi, galkynmagy, durnuklylygy we howpsuzlygy taýdan Türkiýe-Azerbaýjan jebisligi faktory iňňän möhüm” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Nemesler “Togguň” zawoduna haýran galdylar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýerli we milli gözýetim taslamasy “TOGG-uň” nemes metbugat işgärleri tarapyndan Bursa welaýatynyň Gemlik etrabyndaky Tehnologiýa desgasynda seljerilendigini mälim edýär. Uly önümçilik desgasy bolan Gemlikdäki desga, nemesleriň üns merkezine öwrüldi.

“Ýeni Şafak” gazeti “THÝ Teknik bilen Emiratyň arasynda uçar abatlatýyş şertnamasy baglaşyldy” söz başyly habarynda, “Türk howaýollary Teknik paýdarlar jemgyýetiniň” Birleşen Arap Emirliklerinin howaýoly kompaniýasy “Emirat” bilen flotundaky 17 “Boeing 777” kysymly uçara abatlaýyş hyzmatlaryny bermek hakynda ylalaşyga gol çekişilendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Aprel aýynyň daşary sywda indekleri çap edildi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň hasabat guramasynyň aprel aýy boýunça daşary söwda indekslerini çap edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Türkiýäniň daşary söwda indeksi aprel aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne göra 1,1 göterim artdy.



Degişli Habarlar