Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

1996262
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti, “Erdogan infilýasiýa garşy göreşe ünsi çekdi” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Prezidentiň Kompleksinde Ministrler kabinetiniň täze düzümi bilen ilkinji maslahatyny geçirendigini ýazýar.

Prezident Erdogan maslahatdan soň beren beýannamada, infilýasy sebäpli harytlaryň nyrhynyň artmagy meselesini halkyň gün tertibinden çykarmak üçin tutanýerli tutum alyp barjakdyklaryny nygtady.

“Hürriýet” gazeti, “Al Žazeeranyň Erdogan hakyndaky analizi” söz başyly habarynda, 28-nji maýda geçirlen prezident saýlawynyň 2-nji tapgyrynda üstünlik gazanan Prezident Erdogan hakyndaky habarlar daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gün tertibinde esasy orun eýelemäge dowam edýändigini mälim edýär.

Britaniýada çap edilýän “Al Žazeera” gazeti, Prezident Erdoganyň gaýtadan bu wezipä saýlanmagynyň Türkiýe-Aýlag ýurtlary taýdan möhümdigini, Türkiýäniň prezidentiniň sebitde ýerleşýän ýurtlaryň liderleri bilen edýän şahsy gatnaşyklary bilen birlikde ykdysady we goranyş senagaty taýdan edilýän gatnaşyklaryň hem artdyryljakdygyna ünsi çekdi.

“Ýenişafak” gazeti, “Dezinformasiýa garşy göreşde egilşik etmeris” söz başyly habarynda, Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altunyň “Dünýäde iň köp dezinformasiýa sezewar bolýan ýurtlardan biri hökmünde, dezinformasiýa garşy göreşimiz egilşiksiz dowam eder” diýen sözlerine ýer berýär.

“Sabah”gazeti, “Oba hojalyk pudagynyň eksporty artdy” söz başyly habarynda, oba hojalyk pudagynyň eksportynyň ýanwar-maý aýlaryny öz içine alýan döwürde 14 milliad 58 million dollara barabar bolandygyny ýazýar.

 



Degişli Habarlar