Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

1992176
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti, “Prezident Erdoganyň 17-nji ýeňişi” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň ýene-de bir gezek prezidentlige saýlanandygyny habar berýär.

Ähli welaýatlarda we daşary ýurtlarda bellige alynan saýlawçylardan alan seslerini artydran Erdogan, bäsdeşi Kemal Kylyçdaroglundan has köp ses alyp, ýerli we umumy saýlawlar bilen birlikde 17-nji gezek ýeňiş gazandy.

“Hürriýet” gazeti, “Prezident Erdogan: 14-nji we 28-nji maýyň ýeňijisi 85 million raýatymyz” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Stambulda prezident saýlawynyň 2-nji tapgyryndan soň halka ýüzlenip çykyş edendigini ýazýar.

Erdogan çykyşynda “14-nji we 28-nji maýyň ýeňijisi 85 million raýatymyz. Ozal hem beýan edişim ýaly saýlawda diňe biz däl eýsem Türkiýe uly üstünlik gazandy” diýdi.

“Sabah” gazeti, “Türkiýä gutlag ýüzlenmeleri ýagýar” söz başyly habarynda, Prezident saýlawynyň 2-nji tapgyryndan soň Prezident Erdogana dünýäniň çar tarapyndan gutlag ýüzlenmeleriniň gelýändigini mälim edýär.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Sani, Liwiýanyň Premýer ministri Dibeýbe we Pakistanyň Premýer-ministri Şerif bilen birlikde birnäçe lider Erdogany saýlawda gazanan üstünligi bilen gutlady.

“Star” gazeti, “Katardaky Al Žaber minaralary Prezident Erdoganyň suraty we Türk baýdaklary bilen bezeldi” söz başyly habarynda, Kataryň simwollaryndan biri bolan Al Žaber minaralarynyň, Türkiýede geçirlen prezident saýlawynyň ikinji tapgyrynda ulu üstünlik gazanandygy sebäpli, Prezident Erdoganyň suraty we Türk baýdaklary bilen bezelendigini mälim edýär.

“Watan” gazeti, “Putin Erdogany gutlady” söz başyly habarynda, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň, Prezident R. T. Erdogany saýlawda gazanan üstünligi bilen gutlandygyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar