Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1985219
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Hürriýet” gazeti “Erdogan Batmanda beýan etdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Batman welaýatynda eden çykyşynda Türkiýäniň her bir raýat üçin erkin, howpsuz we asuda ýurt hökmünde saýlama ýurda öwrüljekdigini aýdandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “Ministr Akar galla geçelgesi hakynda beýannama berdi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň 22-nji iýulda gol çekişilen Gara deňiz galla ylalaşygy netijesinde 30 million tonna gallanyň Ukrainadan zerurlyk çekýän ýurtlara ugradylandygyny nygtap; “Bu işiň bökdençsiz dowam etmegi üçin gepleşiklerimizi dowam etdirýäris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Moskwadaky dörttaraplaýyn maslahatdan soň bilelikdäki iş meýilnamasy hakynda karar” söz başyly habarynda, düýn Russiýanyň paýtagty Moskwada geçirilen “Siriýa” temaly maslahatda Türkiýäniň, Russiýanyň, Siriýanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleriniň Türkiýe-Siriýa gatnaşyklarynyň kadalaşmagy üçin iş meýilnamasynyň düzülmegi hakynda ylalaşandyklaryny ýazýar. Maslahatda siriýalylaryň watanlaryna meýletin, howpsuz we abraýly bilen dolanyp barmaklarynyň ýola goýulmagynyň ýeňilleşdirilmegi islendi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Barbaros Haýreddin Paşa Gara deňizde nebit gözleýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Gara deňizde nebit gözlemek üçin seismiki gözleg işlerini alyp barýandygyny mälim edýär. “Barbaros Haýreddin Paşa” seismiki gözleg gämisi tarapyndan alynyp barylýan işleriň çäginde Ordu we Rize welaýatlarynyň ýalpaklarynda iki burawlaýyş işiniň geçirilmegine hem-de täze nebit açyşlarynyň edilmegine garaýyşylýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar