Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1926908
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Eksportda Respublika taryhynyň rekordy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň “Global şertleriň ýaramazlygyna garamazdan 2022-nji ýyldaky eksportumyz öňki ýyl bilen deňeşdirilende 12,9 göterim ýokarlap, 254,2 milliard dollara barabar boldy. Ol Respublika taryhymyzyň rekordudyr” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Hürriýet” gazeti “2023-nji ýylda dünýäniň gözi Türkiýede” söz başyly habarynda, 2023-nji ýylyň ilkinji günlerinde-de dünýäniň gözüniň Türkiýededigini mälim edýär. Täze ýylda ýakyndan gyzyklanylmaly wakalar hakynda analiz makala çap eden “Foreign Plisi” gazetiniň Türkiýede geçiriljek saýlawlara giň orun berendigini ýazýar. Habarda; “Erdogan 2002-nji ýyldaky saýlawda üstün çykypdy. 2003-nji ýylda Premýer-ministr boldy. Şol wagtdan bäri Ankaranyň esasy adamy” diýilýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ýyllyk gazanjy bilen dünýäniň öňüne geçdi” söz başyly habarynda, geçen ýyl dünýä ýurtlarynyň biržalarynyň arasynda maýadaryna iň ýokary girdejini Birža Stambulyň gazandyrandygyny mälim edýär. BİST 100 indeksi 2022-nji ýylda 196,57 göterim ýokarlan bolsa, iň esasy bäsdeşi Argentina S&P Merwal 135,28 göterim ýokarlady. Geçen ýyl ABŞ-nyň, Hytaýyň we Ýewropanyň esasy biržalary ýitgi çekdi.

“Star” gazeti “Antalýa 2023-nji ýyla depginli başlady” söz başyly 2022-nji ýylda howa ýoly bilen 13 million syýahatçyny kabul eden Antalýa 2023-nji ýylyň birinji gününde 64 uçar bilen 9,027 syýahatçynyň gelendigini ýazýar. Şäher esasan rus syýahatçylar geldiler.

“Watan” gazeti “Stambul howa menzili 2022-nji ýylda Ýewropada birinji orunda” söz başyly habarynda, Ýewropanyň Awiahowpsuzlyk guramasynyň 2022-nji ýyl boýunça analizine görä Stambul howa menzili günde ortaça 1,156 uçuş bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili bolandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar