Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň orun tutýar.

1893473
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Prezident Erdogan Bartyndaky pajygaly waka duýgudaşlyk bildiren ýurtlara minnetdarlyk bildirdi” söz başyly habarynda Prezident R.T.Erdoganyň Bartyn weýatynyň Amasra etrabynda magdan käbinde bolan partlama sebäpli duýgudaşlyk ýüzlenmelerini ugradan döwletler bilen bagly beren habarnamasynda; “Duýgudaşlyk ýüzlenmeleri bilen Bartynda başdan geçiren pajygaly wakanyň gam-gussasyny bölüşen döwletlere hem-de olaryň halklaryna içgin çemeleşmeleri üçin türk milletiniň adyndan minnetdarlyk bildirýärin” diýip ýazdy.

“Star” gazeti “Ýakyn Gündogar we Aýlag Ýurtlary eksport rekorduny goýdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ýakyn Gündogar we Aýlag sebitinde ýerleşýä ýurtlara edýän eksportunyň ýylyň 9 aýynda 24,8 göterim ýokarlap, 24,7 milliard dollara ýeten bolsa, Yraga 7,5 milliard dollarlyk eksportuň amala aşyrylandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Azyk sergisinde türk ýeli ösdi” söz başyly habarynda, dünýäniň azyk boýunça esasy sergilerinden biri bolan “SYAL Parižde” Türkiýäniň ünsleri özünde jemleýändigini mälim edýär. Şu ýyl Hytaýyň gatnaşmaýan sergisinde Türkiýe esasy gatnaşyjy bolup çykyş edýär.

“Watan” gazeti “Monika Molina: Türkiýede özümi öýümde ýaly duýýan” söz başyly habarynda, “Latyn sazynyň ussat aýdymçysy” boýunça ençeme geçen Gremmi baýragyna dalaşgär bolan ispan aýdymçysy Monika Molinanyň “Türkiýede tomaşaçylar bilen duşuşanymda özbolyşly ýagdaýlar başdan geçirilýär. Sahna çykan badyma maňa bolan söýgini we hormaty duýýaryn. Türkiýede sahnada özümi öýümde ýaly duýýaryn, howpsuz, hemme zat kadaly boljak ýaly duýgulary başdan geçirýärin” diýmek, bilen Türkiýä bolan söýgüsini beýan etdi.

“Hürriýet” gazeti “Tolgundyryjy açyş! Gobi çölünde tapyldy” söz başyly habarynda, dünýäniň belli çöllerinden biri bolan Mongoliýanyň Gobi çölünde geçirilen ekspedisiýalarda Altaý bilen Gobiniň arasynda medeni gatnaşyklaryň bardygyny açyp görkezýän arheologik delilleriň tapylandygyny ýazýar. Alymlar sebitde alynky palolotik asyrdan, ýagny gadymy daş döwründen galan ýaşaýyş ýerleriniň galyndylary bilen türklere degişli mammot şekillerine gabat geldi.



Degişli Habarlar