Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1856530
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: "Prezident Erdoganyň beýanaty" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, düýn Ministrler kabinetiniň mejlisiniň maslahatyndan soň beren beýanatynda, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalyk tapgyrlary bilen baglanşykly: "Şertlerimizi ýerine ýetirmek üçin gerek bolan ädimler edilmän halatynda tapgyry doňdurjakdygymyzy ýatlatmak isleýärin" diýendigini habar berýär.  

Hürriýet gazedi: "Ministr Akar: Umumy prinsiperde ylalaşyga gelindi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň: "Galla we azyk önümleriniň daşalmagy üçin umumy prinsipler boýunça ylalaşyga geldik. Onuň anyk durmuşa geçirilmegi üçin tagallalarymyzy dowam etdirýäris. Şu hepdäniň içinde şonuň bilen bagly maslahatyň geçirilmegi ähtimal" diýendigini mälim edýär. 

Star gazedi: "Norwegiýa Baýraktar TB2 üçin işe girişdi" söz başyly habarynda, Norwegiýanyň Ukraina raýdaşlyk bildirmek maksady bilen Baýraktar TB2-leriň satyn alynmagy üçin kampaniýa başladandygyny aýan edýär. Kampaniýanyň çäginde takmynan 5,5 million dollaryň ýygnalmagy we Ukrainanyň Ilçihanasynyň gaznasyna berilmegi maksat edinilýär. 

Sabah gazedi: “Sabiha Gökçen Howa menzili 2022-nji ýylyň ýolagçy rekordyny täzeledi” söz başyly habarynda, Stambul Sabiha Gökçen howa menziliniň 582 uçar sapary we 100 müňden geçen ýolagçy sany bilen 2022-nji ýylyň 17-nji iýulynda ýylyň iň gelim-gidimli gününi başyndan geçirendigini aýan edýär. 

Ýeni Şafak gazedi: "Ýerli awtoulag TOGG-yň önümçiligi ýakyn wagtda başlar" söz başyly habarynda, Ýerli awtoulag TOGG-yň Bursa welaýatynyň Gemlik etrabyndaky fabriginde 2 ýylyň dowamynda nämeleriň edilendigini görkezýän wideo materialyň sosial medianyň üsti bilen paýlaşylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Beýanatda: "Synag önümçiligi ýakyn wagtda başlar" diýip habar berildi.  


Etiketkalar: #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar