Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1853603
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Türkiýe bilen Malaýziýanyň bilelikdäki karary” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Malaýziýanyň Premýer-ministri Sabri Ýakub bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda; “Azyk howpsuzlygy, energetika, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ýaly aktual meseleler boýunça arkalaşygy güýçlendirmek boýunça ylalaşdyk. Ýerli sanjymymyz “TURKOWAK-yň” Malaýziýada ulanylmaga berilmeginiň we bilelikde sanjym öndürmek boýunça iş alyp barmagyň üstünde işlemegi meýilleşdirýäris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “ABŞ “Bakraktar TB2-niň” kopiýasyny öndürdi” söz başyly habarynda, Merkezi Kaliforniýanyň San Luis Obispoda ýerleşýäň Edge Autonomy” kompaniýasynyň Amerikan goşuny üçin hamala diýersiňiz “Baýraktar TB-2-niň” kiçi kopiýasy bolan “Penguin” atly dron öndürendigini ýazýar. Kompaniýa Amerikan goşuny bilen sany beýan edilmedik mukdarda “Penguen” üçin şertnama baglaşandygyny habar beren bolsa, şol dron “Baýraktar TB-2-ä” meňzeşligi bilen ünsleri çekdi.

“Hürrüýet” gazeti “Ministr Dönmez: 358 metr çuňlukda nebit tapdyk, ol rekord” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň Adana welaýatynyň Jeýhan etrabynda ýerleşýän nebit giňişligine baryp görendigini ýazýar. Ministr Dönmez “Sebitdäki nebit ätiýajy 7,5-8 million barrel. Çukurowada 358 metr çuňlukda nebit tapdyk we ol rekord” diýdi.

“Star” gazeti “Türkiýe bilen Ysraýylyň taryhy ylalaşygy” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Ysraýylyň arasynda 1951-nji ýyldan bäri ilkinji gezek awiasiýa pudagynda şertnama baglaşylandyny mälim edýär. Gazanylan ylalaşyk bilen Ysraýylyň howaýoly kompaniýalary Türkiýedäki käbir nokatlara uçuşlary amala aşyrar.

“Sabah” gazeti “Türk fundugy ýylyň birinji ýarymynda 124 ýurtda alyjy tapdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýanwar-iýun aýlarynyň aralygynda 149,701 tonna funduk eksportunda 835 million dollardan gowrak girdeji alandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar