Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1853130
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: "FETÖ NATO tarapyndan hasaba alyndy" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, şu günki güne çenli diňe ÝB tarapyndan hasaba alynan ekstremist terror guramasy PKK-nyň indi diňe ÝB habarnamalarynda däl, onuň bilen birlikde PÝD/ÝPG we Fetullahçy terror guramasynyň (FETÖ) hem NATO tarapyndan hasaba alynandygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Hürriýet gazedi: "Erdogan: Somali döwletine beren kömeklerimiziň mukdary 1 milliard dollardan geçdi" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen Somaliniň Prezidenti Hasan Şeýh Mahmudyň Prezidentiň kompleksinde umumy metbugat ýygnagyny geçirendigini mälim edýär. Saglygy goraýyşdan bilime, infrastrukturadan beýleki ugurlaryň ösüşine çenli Somali döwletine ähli ugurlar boýunça goldaw bermäge dowam edýändiklerini aýdan Erdogan: "Türkiýäniň soňky 10 ýylda Somali döwletine beren ynsanperwer kömegi we galkynyşy üçin beren kömekleriniň mukdary 1 milliard dollardan geçdi. Şu gün howpsuzlyk we ykdysadyýet başda bolmak bilen Somaliniň ençeme ugur boýunça möhüm özgerlişikler amala aşyrandygyny görmekden hoşaldyryn" diýip belledi. 

Haber Türk gazedi: "Akar: Galla koridory üçin tagalla edýäris" söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, galla ýüklenen gämileriň Ukrainanyň portlaryndan ewakuasiýa edilmegi babatynda emele getirilmegi meýilleşdirilen "Galla koridory" bilen baglanşykly: "Ýakyn wagtda oňyn netije almak üçin elimizden gelýän tagallany edýäris. Türkiýäniň tagallalary halkara arenada takdyr edilýär" diýendigini habar berýär.  

Watan gazedi: "Abdülhamid Han buraw gämisi wezipä taýar" söz başyly habarynda, Türkiýäniň flodunyň düzümine goşan 5 gäminiň biri bolan Türkiýäniň 4-nji buraw gämisindäki taýarlyklary gözden geçiren Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň: "Gämimiz awgust aýynyň ilkinji ýarymynda wezipä başlar, iş geçirjek ilkinji ýeri Ortaýer deňizi bolmagy ähtimal" diýendigini aýan edýär. 

Ýeni Şafak gazedi: "Grek polkownik: Türkiýä garşy boşuna ýaraglanýarys" söz başyly habarynda, Gresiýanyň Harby-howa güýçleriniň Harby mekdebinde bilim berýän polkownik Konstantinos Zikidisiň, Gresiýany Türkiýe bilen deňeşdirmegiň gynandyrjydygyny aýdandygyny beýan edýär. Zikidis: "Türkiýä garşy boşuna ýaraglanýarys. Türkiýäniň harby mümkinçilikleri bilen bäsdeş bolup bilmeris" diýip belledi. 


Etiketkalar: #habar , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar