Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1852634
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: "Gara deňizde galla koridory meýilnamasy" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Italiýanyň Premýer ministri Mario Dragi bilen geçiren umumy metbugat ýygnagynda, Gara deňizdäki galla koridory bilen baglanşykly: "Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň we Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiýniň çemeleşmesi örän möhüm. 1 hepdäniň ýa-da 10 günüň içinde gepleşikleri artdyryp netijelendirmegi maksat edinýäris" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Sabah gazedi: "Şwesiýaly ministriň Türkiýe bilen bagly beýanaty" söz başyly habarynda, NATO agza bolmak üçin ýüz tutan Şwesiýa we Finlýandiýa bilen Üçtarapalaýyn memoranduma gol çekilendigini habar berýär. Türkiýäniň ähli talaplarynyň kabul edilen ylalaşykdan soň, Şwesiýadan möhüm beýanat berildi. Şwesiýanyň Daşary işler ministri Ann Lindeniň: "Üçtaraplaýyn memorandumyň düzgünini dolulygyna berjaý ederis, gözegçilik ederis" diýip belledi. 

Haber Türk gazedi: "Şengen wizasy bilen bagly ezýet hasaba alyndy" söz başyly habarynda, Resmi Ankaranyň türk raýatlaryň Şengen wizasyny alan mahaly çekýän ezýedini hasaba almak üçin işe girişendigini mälim edýär. Ýewropa Geňeşiniň Parlamentar mejlisinde mesele bilen bagly habarnama taýarlandy. 

Star gazedi: "Dostlukly ýurt bilen uglewodorod hyzmatdaşlygy" söz başyly habarynda, Somaliniň Prezidenti Hasan Şeýh Mahmudyň, ýurdunyň uglewodorod ätiýaçlary bilen baglanşykly Türkiýäniň we Somaliniň hökümetleriniň hyzmatdaşlyk etmek boýunça gepleşikler geçirýändigini belläp: "Uglewodorod boýunça hökümetara hyzmatdaşlyk ugurlaryny maslahatlaşmaga başladyk" diýendigini aýan edýär. 

Ýeni Şafak gazedi: "THÝ we Stambul howa menzili ýene-de ösüşde" söz başyly habarynda, IGA Stambul howa menziliniň maý aýynda hyzmat beren 5 million 661 müň 151 ýolagçysy bilen Ýewropadaky howa menzilleriniň arasynda ilkinji oruna geçendigini, Türk howa ýollarynyň bolsa 27-nji iýun-3-nji iýul aralygynda gündelik 1510 uçar sapary bilen baýdak göteriji howa ýollarynyň arasynda iň köp uçar saparyny amala aşyran howa ýollary kärhanasy bolandygyny beýan edýär. 


Etiketkalar: #metbugat , #habar , #gazet

Degişli Habarlar