Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1851473
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: "Gresiýanyň metbugatynda haýran galdyryjy boýun alma" söz başyly habarynda, Gresiýanyň "Ta Nea" gazediniň "Erdoganyň gepleşikler sungady" sözbaşyly makalasynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, NATO sammitindäki roluna ünsleri çekendigini habar berýär. Makalada: "Türk Prezident halkara arenada entegem gepleşikler sungadyna eýedigini Madrid sammitinde görkezdi. Erdoganyň halkara arenada entegem aýratyn tejribä we maksatlaryna ýetip biljek derejede bir syýasatçydygyny käwagt ýatdan çykarýarys" diýip bellendi. 

Hürriýet gazedi: "Terror guramasynda Penje-Gulp operasiýasy howsalasy" söz başyly habarynda, Yragyň demirgazygynda 17-nji aprelde başlan we üstünlikli ýagdaýda dowam etdirilýän Penje Gulp operasiýasy bilen sebitiň terrorçylardan saplanýandygyny mälim edýär. Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä operasiýanyň üstünlikli dowam edýänligi sebäpli ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýokary derejeli ýolbaşçylary, beýleki terrorçylary ölüme terk edip gaçýar. 

Haber Türk gazedi: "Türkiýede Zarýad stansiýalaryna uly maýa goýum" söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýa ministrliginiň, Türkiýede elektrik tok bilen işleýän ulaglaryň zarýad (atym) infrastrukturasyny emele getirmek maksady bilen işe girizen "Elektrik tokda işleýän ulaglar üçin tiz atym stansiýalaryna goldaw programmasy" bilen 1 milliard liralyk maýa goýumyň öňüniň açylandygyny beýan edýär. Goldaw programmasy bilen Türkiýe tiz atym göwrümini iň çalt artdyran ýurtlaryň biri ýagdaýyna öwrüler. 

Ýeni Şafak gazedi: "TEKNOFEST Korporatiw programmasy başlady" söz başyly habarynda, TEKNOFEST Korporatiw programmasynyň düýn Stambulda geçirilen tanyşdyrma çäresi bilen başlandygyny aýan edýär. T3 Gaznasynyň wekiliýetiniň başlygy Selçuk Baýraktaryň: "Korporatiw programmasy bilen ýaryşlarda finala çykan, ilkinji orunlara mynasyp bolan doganlarymyz, ýurdumyzyň milli tehnologiýasy göçümindäki doly garaşsyz gelejegine hyzmat etmek üçin ýolagçylyklaryny dowam etdirerler" diýip belledi. 

Sabah gazedi: "Türk inženerleriň uly üstünligi" söz başyly habarynda, Iş göwrümini günsaýyn artdyran Türkiýäniň daşary ýurtlardaky potratçylyk pudagynyň, ýylyň ilkinji ýarymynda öz üstüne alan 132 taslamasynyň jemi gymmadynyň 4,6 milliard dollara barabar bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Türkiýäniň daşary ýurtlardaky potratçylyk pudagy 40 kärhana bilen Hytaý we ABŞ-dan soň dünýäde 3-nji orunda durýar. 


Etiketkalar: #metbugat , #habar , #gazet

Degişli Habarlar