Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1849750
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Türkiýe islenine eýe boldy: Finlýandiýa we Şwesiýa terror guramalaryna goldaw bermez" söz başyly habarynda, Ispaniýanyň paýtagty Madritde geçirilen Dörttaraplaýyn sammitden soň Türkiýäniň, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň arasynda Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalygy babatynda Üçtaraplaýyn memoranduma gol çekişilendigini mälim edýär. Umumy jarnamada: "PKK-e we onuň şahalaryna garşy göreşde Türkiýe bilen doly ýagdaýda hyzmatdaşlyk ediler, PÝD/ÝPG we FETÖ goldaw bermezlik baradaky ygrarlylyk we Terror jenaýatçylaryň yzyna gaýtarylyp berilmegi babatynda anyk ädimleriň edilmegi we ikitaraplaýyn häsýetde ylalaşyk şertnamalaryň baglaşylmagy" iň möhüm maddalardyr. 

Star gazedi: "Ysraýylyň Premýer ministri Bennet Prezident Erdogana minnetdarlyk bildirdi" söz başyly habarynda, Ysraýylyň Premýer ministri Naftali Bennetiň: "Prezident Rejep Taýýip Erdogana we kömekçilerine, Türkiýede ysraýyllylaryň nyşana alynmagyna päsgel bermekdäki tagallalary üçin ýörite minnetdarlyk bildirmek isleýärin" diýendigini habar berýär. 

Watan gazedi: "Respublika taryhynyň iň ýokary derejesine ýetdi" söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Nureddin Nebatiniň mejlisde eden çykyşynda: "2022-nji ýylyň maý aýynda eksportymyz ýyllyk görkezijilere görä 242,6 milliard dollar bilen Respublika taryhynyň iň ýokary derejesine eýe boldy" diýendigini aýan edýär. 

Haber Türk gazedi: "Yslam hyzmatdaşlyk guramasy Şanlyurfa şäheriniň 2023-nji ýylyň Syýahatçylyk şäheri hökmüne saýlandy" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Şanlyurfa şäheriniň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 11-nji Syýahatçylyk ministrleriniň maslahatynda "2023-nji ýylyň Syýahatçylyk şäheri" hökmünde saýlanandygyny beýan edýär. 

Ýeni Şafak gazedi: "THÝ durnukly ösüş sylagyna laýyk görüldi" söz başyly habarynda, Türk howa ýollarynyň halkara maliýe dünýäsiniň abraýly guramalarynyň biri bolan World Finance tarapyndan "Durnukly ösüş flagman howa ýoly" kategoriýasy boýunça "2022-nji ýyl Durnukly ösüş" sylagyna laýyk görülendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 


Etiketkalar: #metbugat , #habar , #gazet

Degişli Habarlar