Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

1826431
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti, “Türkiýäniň Pariž şäherindäki Başkonsullygyna hüjüm guraldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Pariž şäherindäki Başkonsullygyna, şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan partlaýjy maddalar bilen hüjüm guralandygyny ýazýar.

Hüjümde, konsullygyň aýlaryna zeper ýetirildi. Hüjümiň jogapkärçiligini ekstremist terror guramasy PKK bilen arabaglanşykly topar öz üstüne aldy.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Erdogan: Tokioda buýsandyk nobat Parižde” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Türkiýäniň Tokio 2020 paralimpik oýunlarynda 87 türgen bilen gatnaşandygyna we uly üstünlik gazanandygyna ünsi çekendigini ýazýar.

Türk türgenleriniň halkara bäsleşiklerde birnäçe medal alandygyny nygtan Erdogan “2024 Pariž olimpiadalarynda hem türgenlerimiziň uly üstünlikler gazanjakdygyna ynanýaryn” diýdi.

“Star” gazeti “Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda asyryň taslamasy” söz başyly habarynda, Ulaglar we infstruktura ministri Adil Karaismailoglunyň, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda Zengezur demir we awtoulag ýolunyň ulanylmaga berilmegi bilen Stambuldan Hytaýa çenli uzap gitjek täze koridoryň açyljakdygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Täze koridor, Aziýa ýurtlarynyň harytlaryň has amatly nyrhdan Ýewropa ýetirilmeginiň öňni açar we Türk dünýäsini biri-birine has-da ýakynlaşdyrar.

“Sabah” gazeti, “Daşary ýurtlar talyplar Stambul howa menziline geň galdy” söz başyly habarynda, Britaniýanyň Birmingem şäherindäki uniwetsitetde awiasiýa we syýahatçylyk boýunça ýokary bilim alýan talyplaryň, bilim gezelenjiniň çäginde Stambula gelendigini ýazýar.

Dünýäniň çar tarapyndan gelen 60 talyp, Stambul howa menziline geň galdy. Latwiýaly myhman talyp Aiža Busa, “Men şeýle gowy howa menzili görmedim” diýdi.



Degişli Habarlar