Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1810788
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Daşary işler ministrligi Ysraýyly ýazgardy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň Günbatar Şerianyň Beýtullahim şäherinde palestinaly zenanyň Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan duýdansyz atylyp öldürilmegini ýazgarandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “Pakistanyň täze Premýer-ministri Şerif: Türkiýe we Pakistan mizemez gatnaşyklara eýe” söz başyly habarynda, Pakistanyň 23-nji Premýer-ministrligine saýlanan Şahbaz Şerifiň Türkiýe bilen Pakistanyn mizemez aragatnaşyklara eýedigini beýan edip, resmi Ankaranyň elmydama Yslamabadyň ýanynda durandygyny aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Dönmez: Türkiýäniň elektrik energiýasynda önümçilik güýji 100 müň megatdan geçdi” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň Türkiýäniň elektrik pudagyndaky önümçilik güýjüniň 100 müň megawatdan geçendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe ÝB-ne birinji çärýekde 24 milliard dollara barabar eksport etdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ÝB-ne agza  ýurtlara eden eksportunyň ýylyň birinji çärýeginde 2021-nji ýylyň degişli döwrüne görä 21 göterim ýokarlap, 23,7 milliard dollara ýetendigini mälim edýär. ÝB-ne agza ýurtlara esasan awtomobil senagaty, trikoýaž we egin-eşik, himiki maddalar we önümleri, demir we demir däki metallar hem-de polat eksport edildi.

“Star” gazeti “Türkiýe giň gerimli türgenleşik geçirer” söz başyly habarynda, Türkiýäniň harby deňiz güýçleri serkerdeligi tarapyndan 122 gäminiň we 41 howa ulagynyň gatnaşmagynda; Egeý, Gara we Gündogar Ortaýer deňizlerinde şol bir wagtda geçiriljek “Mawy Watan-2022” türgenleşiginiň ünsleri özünde jemlejekdigini ýazýar. 12 müň harby hünärmeniň gatnaşmagynda geçiriljek türgenleşikde milli ýaraglar we ulgamlar ulanylar, birnäçe ýurt gatnaşar.



Degişli Habarlar