Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1808624
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Prezident Erdogan beýanat berdi" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň düýn beren beýanatynda, terrory ýurdyň serhetleriniň çäginde dolulygyna ýok etmek nokadyna gelip ýetendiklerini aýdandygyny habar berýär. Erdogan Türkiye Respublikasynyň indi dikuçar eksport etjek derejä ýetendigini we şol çäkde Filippinlere ATAK dikuçarlaryny gowşurandygyny mälim etdi. 

Sabah gazedi: "Çawuşogly: Ukraina bilen Russiýanyň arasynda täze gepleşiklere garaşýarys" söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň: "Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda has köp duşuşyk geçirilmegine we ondan soň ylalaşyk başlatmak üçin daşary işler ministrleriň derejesinde maslahatyň geçirilmegine garaşýarys" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Star gazedi: "Italiýanyň Içeri işler ministri: Türkiye biz üçin dostlukly bir ýurtdyr" söz başyly habarynda, Içeri işler ministri Süleýman Soýlunyň düýn Italiýanyň Içeri işler ministri Luçiana Lomergeze we ýanyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirendigini beýan edýär. Ministr Luçiana Lomergeze: "Ençeme ugur boýunça hyzmatdaşlyk etdik, diňe hünär taýdan däl, eýsem ähli ynsanperwer meseleler babatynda hem eýýäm ençeme wagt bäri hyzmatdaşlyk edýäris. Türkiýe biz üçin dostlukly bir ýurtdyr" diýip belledi.

Ýeni Şafak gazedi: "TOGG-yň 1,6 kilometrlik synag sürüşi tamamlandy" söz başyly habarynda, TOGG-yň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Gemlikdäki ýerimizde 1,6 kilometrlik synag sürüşimiz tamamlandy. Ýokary tizlik, bozulan ýol, ýörite manýowr ýaly tapawutly ugurlar boýunça taýarlanan sürüş zolagy, önümi özgertmek we hil tapgyrynda ulanylar" diýilendigi aýan edilýär.

Haber Türk gazedi: "Magdan pudagynyň eksporty ýylyň ilkinji çärýeginde 1,5 milliard dollardan geçdi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň magdan pudagynyň önümleriniň eksporty, şu ýylyň ilkinji çärýeginde 2021-nji ýylyň ilkinji çärýegine garanyňda 25,9 göterim artyp, 1 milliard 527 million 312 müň dollara ýetendigini habar berýär. 


Etiketkalar: #metbugat , #gazet , #habar

Degişli Habarlar