Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly beýan tapýar

1730705
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: "Erdogan türk esgerlerine: Baýdak biz üçin mukaddesdir diýdi" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, serhetçilere ýüzlenip eden çykyşynda: "Baýdak biziň mukaddesliklerimiziň arasynda aýratyn oruna eýe bolan bir gymmatlygymyzdyr. Baýdagymyza nähili eýe çykjakdyňyzy bilýärin" diýendigini habar berýär. 

Ýeni Şafak gazedi: "Akar: Terrorçylar 2 gün yzly-yzyna şol bir ýerde galmaýarlar" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, 2015-nji ýylyň 24-nji iýulyndan bäri türk esgerleriniň täsirsiz ýagdaýa getiren terrorçylarynyň sanynyň 32 müň 859-a ýetendigini belläp: "1-nji ýanwardan bäri geçirilen operasiýalarda bolsa jemi 2 müň 384 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrorçylar 2 gün yzly-yzyna şol bir ýerde galmaýarlar, türk esgerleriniň nepesini ýeňselerinde hemişe duýarlar" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Watan gazedi: "Daşary işler ministrligi: Yragyň Premýer ministri Kazyminiň ýaşaýan ýerine guralan hüjümi ýazgarýarys" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Yragyň Premýer ministri Mustafa Kazyminiň ýaşaýan ýerine uçarmansyz howa ulagy bilen guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýandygyny mälim edýär. Beýanatda: "Türkiýe gözbäşy näme bolsa bolsun terrora garşy göreşde Yragyň halkynyň we döwletiniň ýanynda bolmaga dowam eder" diýip aýan edildi. 

Sabah gazedi: "Göbeklidepä 10 aýda rekord derejede syýahatçy geldi" söz başyly habarynda, Şanlyurfa welaýatynda 12 müň ýyllyk geçmişi bilen taryhyň gözbaşy hökmünde häsýetlendirilýän Göbeklidepä ýylyň ilkinji 10 aýlyk döwründe takmynan 460 müň adamyň gelip görendigini, şol sanyň häzirki wagta çenli hasaba alynan iň ýokary görkezijdigini beýan edýär. 

Hürriýet gazedi: "THÝ çagalar üçin ýörite syýahatçylyk ýygyndylaryny taýarlady" söz başyly habarynda, Türk Howa ýollarynyň çaga ýolagçylar üçin ýörite syýahatçylyk ýygyndylaryny taýarlandygyny habar berýär. "Kak bäşi" temasy bilen taýarlanan we içinde göz ýamasy, gulaklyk, jorap we stamatologiýa bukjasy bolan täze ýygyndylar Türkiýeden uçýan uzak aralykly uçar saparlarynda ýolagçylara berilmäge başlandy. 


Etiketkalar: #habar , #Türkiýe , #metbugat

Degişli Habarlar