Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýaniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1692337
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan: Türkiýe önümçilikde we eksportda ýokary liga çykýar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Ankarada eden çykyşynda Türkiýäniň esasanda önümçilikde we eksportda dünýäde täze bir liga göterilendigini aýdandygyny ýazýar. Erdogan: “2021-nji ýylyň birinji çärýeginde 7 göterimlik ösüşe eýe bolduk, enşalla ikinji çärýegi hem uly ösüş bilen tamamlarys” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Akaryň ýolbaşçylyk etmeginde maslahat geçirildi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň düýn geçirilen we Owganystandaky Türk harby güýçleriniň serkdesiniň gatnaşmagyndaky wideokonferensiýa ulgamy arkaly guralan maslahatda paýtagt Kabuldaky harby gullukçylaryň howpsuzlygynyň birinji mesele bolup durýandygyny nygtap, bu ugurda ähli çäreleriň görülendigini beýan edendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “Çawuşogly: Siriýa meselesine çözgüt tapmak möhüm” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň İordaniýanyň “Al Jihad” gazetinde çap edilen “Taryhy öwrümde Türkiýe-İordaniýa Gatnaşyklary” atly makalasynda, Siriýada 10 ýylyny dolduran dartgynlygyň gumanitar, syýasy we ykdysady zyýanlaryny çeken esasy ýurtlaryň Türkiýe bilen İordaniýadygyna ünsi çekip; “Bosgunlaryň howpsuz, meýletin we buýsançly ýagdaýda yza dolanmaklarynyň üpjün edilmegi üçin iki goňşy ýurduň Siriýa meselesinde çözgüt tapmak ileri tutulýan esasy meselesidir” diýendigini mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Aprel-iýun aýlarynyň aralygyna degişli zähmet görkezijileri çap edildi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Hasabat guramasynyň ýylyň aprel-iýun aýlarynyň aralygyndaky döwür boýunça zähmet görkezijilerini çap edendigini, şoňa laýyklykda Türkiýedäki işsizligiň mukdary ýylyň ikinji çärýeginde, birinji çärýegine görä 0,6 bal aşaklap, 12,4 göterime barabar bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Bellenen döwürde işsizleriň sany 3,989 000 adama düşdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Antalýa 15 günde bir million syýahatçy geldi” söz başyly habarynda, Antalýa ýylyň başyndan 15-nji awgusta çenli howa ýoly arkaly 4,351 000 syýahatçynyň gelendigini ýazýar. Soňky 15 günüň dowamynda bolsa 1 million adama şähere geldi. Gelenleriň esasy bölegi bolsa Russiýadan.



Degişli Habarlar