Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1579207
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe Ýewropadan öňde” söz başyly habarynda, koronawirus pandemiýasy dowam edýän hem bolsa, her bir adam “Durmuş haçan kadalaşar” diýlen soragy soraýar. ABŞ-nyň “Blumberg” ýaýlymynyň hasabatyna görä eger-de sanjymyň edilmegi şu depginde dowam edip, täze wariantlara garşy netijeli bolan halatynda, global kollektiw immunitetiň emele gelmegi üçin 7 ýyl gerek bolar. İki doza sanjyma görä berilýän çaklama görä 2,6 ýyl soň Türkiýäniň ilatynyň 75 göterimini sanjymlap, kollektiw immuniteti emele getirmegi meýilleşdirilýär. Şol möhlet Germaniýadan, Belgiýadan we Gollandiýadan hem-de beýleki ençeme Ýewropa ýurdundan has az.

“Star” gazeti “İki ýurduň arasynda başlangyç! Maýa goýmak üçin Türkiýä gelerler” söz başyly habarynda, Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Peter Szižžarto wenger firmalarynyň lukmançylyk enjamlary boýunça maýa goýmak üçin Türkiýä geljekdigini aýdandygyny ýazýar. Gazet 2 million ýewrolyk maýa goýumyň Wengriýa tarapyndan lukmançylyk enjamlary senagaty pudagynda Türkiýä goýulan ikinji gönüden maýa goýum boljakdygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Ýeňlän milli pyýada goşun tüpeňi ulanmaga taýar” söz başyly habarynda, “ “Makina we Kimýa Endüstrisi” guramasy tarapyndan dizaýn edilen we kwalifikasiýasy tamamlanan Milli pyýada goşun tüpeňi MPT-76-MH agramy ýeňledilip, howpsyzlyk güýçlerinin ulanmagy üçin öndürildi. 400 gramdan gowrak ýeňlän tepeňiň agramy 3,75 kilograma barabar” diýip ýazýar.

“Sabah” gazeti “Täze şahsyýet anyklaýyş ulgamyna mart aýynda geçiler” söz başyly habarynda, “BİOTEKSAN” firmasynyň “HAWELSAN” inženerçilik firmasynyň goldaw bermeginde taýarlan ýerli barmak yzyny kesgitleýiş ulgamynda taýarlyklaryň tamamnyp barýandygyny mälim edýär. Ulgan mart aýynda ilki Içeri işler ministrliginde ulanylmaga başlanar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Kappadokiýa ýanwar aýynda 42,560 syýahatçy geldi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň tebigy piramidalary we deňsiz gözel jülgeleri, ýyly howa şarlary, ýerasty şäherleri bilen meşhur syýahatçylyk merkezi Kappadokiýada ýerleşýän muzeýlere ýanwar aýynda 42,560 ýerli syýahatçynyň gelendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar