Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1528409
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Prezident Erdogan DKTR-da möhüm ýüzlenmeler berdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyn düýn Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň garaşsyzlygynyň 37-nji ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşyp, DKTR-nyň syýasy pozisiýasy hakynda: “Kiprde 1963-nji ýylda ýarag zory bilen bozulan, 1974-nji ýylda agdarlyşyk bilen doly bozulan şärikligi grekler bilen bilelikde gaýtadan dikeltmek mümkin däl” diýendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Tatar: “Hiç kim bizden Türkiýe bilen gatnaşyklarymyzy kesmegimize garaşmasyn” söz başyly habarynda, DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tataryň düýn döwletiň garaşsyzlygynyň 37-nji ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerinde eden çykyşynda Kipriň sebite we dünýä nusga parahatçylyk adasy bolmagy üçin türk tarapynyň hukuklaryndan we özygtyýarlylygyndan egilşik etmän degişli başlangyçlary amala aşyrmaga taýardygyny aýdandygyna ünsleri çekýär. Gazet Prezident Tataryň: “Emma hiç kim bizden Türkiýäniň hemaýatkärliginden el çekmegimize, Türkiýe bilen gatnaşykarymyzy bes etmegimize garaşmasyn. Biz şu günlere nähili ýetendigimizi gowy bilýäris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Dünýäde umyt döreden Prof.Dr.Ugur Şahinden koronawirus hakynda möhüm beýannama” söz başyly habarynda, geçen hepde koronariwura garşy ilkinji sanjymy taýarlandyklaryny beýan eden “BioNteck” firmasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Prof. Dr. Ugur Şahiniň: “Öňümizdäki gyş sanjymymyz bilen ýokanç keselleriň sanynyň azaldylmagyna uly goşant goşmaz. Emma işler kadaly dowam eden halatynda sanjymy gyşyň ahyrynda, geljek ýylyň başynda paýlamaga başlarys. Tomus aýlaryna çenli uly netijesi bolmaz. Tomus aýlarynda ýokanç keselleriň ýaýrama depgini azalmaga başlar. Hökmany suratda edilmeli zat bahara çenli ýa-da güýzden öň ýokary sanjym derejesine ýetmek. Ol geljek güýz aýlaryndan öň ähli immunitet sanjymynyň üstünlikli tamamlanmagy manysyny aňladýar. Ýagny geljek ýyl gyşy kadaly geçirip bileris” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Milli ýygyndy komandamyz Russiýany 3-2 hasabynda utdy” söz başyly habarynda, türk milli ýygyndy futbol komandasynyň Halkara ligadaky 5-nji bäsleşiginde 1-0 yzda barýandygyna garamazdan Russiýany 3-2 hasabynda utup, topardaky ilkinji üstünligini gazanandygyny mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Lewis Hamilton Stambulda dünýä çempiony” söz başyly habarynda, Formula 1-iň Dünýä çempionadynyň 14-nji bölegini emele getirýän Türkiýe Grand Prixini Mersedesiň sürüjisi Lewis Hamiltonyň alandygyny ýazýar. Gazet şol ýeňişi bilen 7-nji gezek düýä çempiony bolan britaniýaly sürüjiniň Ferrarinin ozalky gahrymany Maýkl Şumaýeriň rekorduna ýetendigini ýazýar.



Degişli Habarlar