Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1525709
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Prezident Erdoganyň möhüm beýanatlary” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyn düýn paýtagt Ankaradaky Beştepe Millet maslahatlar we medeniýet merkezinde Atatürk adyndaky Medeniýet, dil we taryh ýokary guramasy tarapyndan geçirilen hatyralama çäresinde çykyş edendigini ýazýar. Gazet Erdoganyn ykdysadyýet hakynda ýüzlenip, 100 ýyl ozal Türkiýäniň M.K.Atatürkiň saýasynda kapituliýasiýadan halas bolandygyny, şu günki günde-de döwrebap kapitulýasiýalara garşy göreşini dowam etdirýändigine ünsi çekip: “Şu günki güne çenli ençeme pudakda ýurdumyzy maksada ýetirişimiz ýaly ykdysadyýetde-de dünýäniň birinji 10-lugyna goşulmagy üçin tagalla ederis. Onuň gahryman M.K.Atatürke iň uly sowgat boljakdygyna ynanýaryn” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Çawuşogly: “Paşinýan soňunda boýun egmeli boldy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň düýn Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda Ermenistan-Azerbaýjan ylalaşygy barasynda durup geçip: “Her gezeginde ylalaşygy bozan, uruş isleýän Ermenistan boldy. Ermenistanyň onuň jerimesini agyr töledi. Düýn gije 3 ýurduň arasynda ylalaşyk gazanyldy. Oňa nähili gözegçilik ediljekdigi meselesi bar” diýen sözlerini çap edýär.

“Watan” gazeti “Prezidentiň metbugat Sekretary Kalynyň Azerbaýjan ýüzlenmesi” söz başyly habarynda Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda gol çekişilen ylalaşyk hakynda Twitterden habarnama beren İbrahim Kalynyň: “Garabag indi azat boldy. Garabag Azerbaýjandyr. Türkiýe mundan beýläk hem meýdanda hem-de stoluň başynda Azerbaýjanyň ýanynda durar” diýip ýazandygyny mälim edýär.

“Star” gazeti “Türkiýeden Hytaýa ilkinji gezek guş eti we haryt ekport edildi” söz başyly habarynda, Oba we tokaý hojalygy ministri Ekrem Pakdemirliniň düýnýäniň esasy eksportçylaryndan biri bolan Hytaý Halk Respublikasynyň gapylarynyň türk guş önümleri pudagyna açylandygyny nygtap, 6-njy noýabrda Hytaýa ilkinji gezek guş etiniň we harytlaryň eksportunyň başlandygyny aýdandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar