Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1525103
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Prezident Erdogan: Golaýda Gündogar Ortaýer deňizinden hem enşalla hoş habar geler” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň 12-nji İlçiler maslahatynda sözlän sözünde Gara deňizde tapylan 405 milliard m3 tebigy gaz ätiýajyny ýatladylyp, ünsleri Gündogar Ortaýer deňizine çekendigini we “Golaýda Gündogar ortaýer deňizinden hem şatlykly habar gelip gowuşar” diýendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Çawuşogly: Ýerli we milli daşary syýasat alyp barýarys” söz başyly habarynda, Daşary işler ministr Mewlüt Çawuşoglunyň “Türk milletiniň girişgen ruhy, wyždanly we adalatly medeniýeti daşary syýasatymyzda öz beýanyny tapýar. Meýdanda we stoluň başynda güýçli, ýerli we milli daşary syýasat alyp barýarys” diýen sözlerini okyjy köpçüliginin dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Paşinýan ýeňilendigini kabul etdi we Ermenistan Garabagda boýun egdi” söz başyly habarynda, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň Azerbaýjanyň we Russiýanyň döwlet ýolbaşçylary bilen hüjümleriň bes edilmegi üçin bilelikdäki jarnama gol çekendiklerini beýan edip, onuň özi we Ermenistanyň halky üçin “iňňän agyrdygynyny” aýdandygyny ýazýar. Gazet Ermenistanyň Kelbejerden, Agdamdan we Laçinden soň Daglyk Garabagdan hem doly çekiljekdigini mälim edýär.

“Watan” gazeti “Dünýäde 3-nji bolar” söz başyly habarynda, Artwinde welaýatynda gurluşygy tamamlanandan soň goşa egremçeli beton kemer kategoriýasynda Türkiýäniň birinji, dünýäniň üçünji bendi boljak Ýusufeli bendiniň we gidroelektrik bekediniň gurluşygynyň ýokary depginde dowam edýändigine ünsleri çekýär.

“Star” gazeti “Şwesiýada “Ýylyn abraýly baýragyna” Meleknur Alewjan laýyk görüldi” söz başyly habarynda, Şwesiýanyň halkara derejesinde tanalýan Luela tehniki uniwersitetiniň “Ýylyň abraýly baýragyna” türk hünärmen psihology Meleknur Alewjany laýyk görendigini, uniwersitetiň 2019-njy ýylda prihologiýa bölümini tamamlan Alewjany koronawirus epidemiýasynda çäklendirilen ýüzlerçe ýaşula tölegsiz terapeýa hyzmatyny berendigi üçin laýyk görülendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar