Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1524294
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Prezident Erdogan: “Azerbaýjan türki doganlarymyz sabyr etdiler we ýeňişe ýetdiler” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň partiýasynyň Kojaeli welaýat maslahatynda sözlän sözünde Daglyk Garabagy halas etmek üçin göreşýän azerbaýjanlylaryň Şuşa ýeňişini gutlamak bilen başlap: “30 ýyldan bäri Minsk üçlügi tarapyndan hamala diýersiňiz ünsden düşürilen, aldadylan we stoluň başynda 30 ýyldan bäri soňy näbelli ýagdaýda garaşan azeri türki doganlarymyz sabyr etdiler we ýeňişe ýetdiler” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Dünýäniň gözi şol ýerde bolar” söz başyly habarynda, türk goranyş senagatynyň täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli sergi we iş kämilleşdiriş çäreleriniň çäklendirilen şertlerinde 3D formatyndaky sergi maksatnamasy “XperExpo” bilen dünýä arenasyna çykjakdygyny ýazýar. Gazet şu gün açyljak we 2021-nji ýylyň 8-njy apreline çenli sergi tejribesini hödürlejek çärede Türkiýäniň goranyş senagatynda soňky döwürde öndürilen ençeme täze önümiň tanyşdyryljakdygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Balkan ýurtlaryna 10 aýda 10,2 milliard dollarlyk eksport” söz başyly habarynda, Balkan ýurtlaryna ýylyň 10 aýynda 10,2 milliard dollarlyk eksport edilen bolsa, şolaryň hatarynda Rumyniýanyň 3,4 milliard dollarlyk eksport bilen ünsleri çekýändigini nygtaýar.

“Star” gazeti “Dünýäniň belli ýurtlaryndan biri biz” söz başyly habarynda, Gözleg halas ediş jemgyýetiniň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Rejep Şaljynyň Türkiýäniň gözleg we halas ediş işlerinde dünýäniň belli ýurtlaryndan birine öwrülendigini nygtap: “Türkiýe gözleg we halas ediş işlerinde uly tejribä eýe. Dünýä ýurtlary Türkiýäniň gözleg we halas ediş işlerindäki tejribesinden peýdalanmak, biziň bilen işleşmek isleýär. Ol hem Türkiýäniň güýjüni görkezýär” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Formula 1 üçin awlawlar taýar” söz başyly habarynda, dünýäniň belli sport çärelerinden biri bolan Formula 1-iň 9 ýyl soň ýaňadandan İntersiti Stambul Parkda geçiriljekdigini beýan eden Ulaglar we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglunyň, aýlawdaky asfaltlaýyş işleriniň tamamlanandygyny belläp: “Ýurdumyza, Stambulymyza laýyk bäsleşik geçirmek jogapkärçiliginiň duýgularyny başdan geçirýäris” diýen sözlerine ünsleri çekýär.



Degişli Habarlar