Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1522081
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Çawuşogly: "Azerbaýjanyň territorial bütewiligi goldanmaly" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň düýn wideo aragatnaşyk araly geçirilen Ýewropa Geňeşiniň Ministrler komitediniň 130-njy maslahaty bilen baglanşykly Twitter hasabyndan beýanat berendigini mälim edýär. Çawuşogly beýanatynda: "Azerbaýjanyň territorial bütewiligi goldanmaly" diýip belledi. 

Watan gazedi: "Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak: Türkiýe öndürip galkynýar" söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň, Türkiýäniň we dünýäniň ykdysady görkezijileri barada maglumat berendigini habar berýär. Albaýrak: "Türkiýe öndürip galkynýar. Ykdysadyýetdäki güýçli dikeliş tapgyry oktýabr aýynda hem dowam etdi" diýip aýan etdi. 

Haber Türk gazedi: "Ministr Pekjan: Oktýabr aýynda Türkiýeden Ýewropa geçen ýük ulaglarynyň sanynda rekord goýuldy" söz başyly habarynda, Söwda ministri Ruhsar Pekjanyň oktýabr aýynda Türkiýeden Ýewropa geçen ýük ulaglarynyň sanynda rekord derejä ýetilendigini aýdandygyny beýan edýär. Ruhsar Pekjan: "Şol çäkde oktýabr aýynda ýurdumyzyň Ýewropa açylan gümrük geçelgelerinden Kapykulede 70 müň 694, Hamzabeýlide 26 müň 74, Ipsalada 8 müň 700 bolmak bilen jemi giriş-çykyşymyz 100 müň ýük ulagyndan geçdi we ähli wagtlaryň rekordy goýuldy" diýip habar berdi. 

Hürriýet gazedi: "Gara deňiziň gyzylbalyk eksporty 33 göterim artdy" söz başyly habarynda, Türkiýäniň şu ýylyň ilkinji 10 aýynda halkyň arasynda "Älemgoşar balygy" diýip atlandyrylýan Gara deňiziň gyzylbalyk (losos) eksportynyň, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 33 göterim artyp, 46 million dollardan geçendigini mälim edýär. Russiýa Federasiýasy, Wýetnam we Rumyniýa iň köp eksport edilen ýurtlar boldy.  

Star gazedi: "Selçuk Baýraktardan buýsandyran beýanat" söz başyly habarynda, Baýkar kärhanasynyň tehniki müdüri we T3 Gaznasynyň geňeşiniň başlygy Selçuk Baýraktaryň, AKYNJY-nyň ilkinji gezek ýer gözegçilik diňi bolmaýan uzak bir ýerde dolulygyna awtomatlaşdyrylan häsýetde gonmak we uçmak işlerini üstünlikli ýagdaýda amala aşyrandygyny aýdandygyny beýan edýär. 


Etiketkalar: #dünýä , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar