Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1281789
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: “Erdogandan Etnosport Medeniýet festiwaly bilen bagly beýanat” söz başyly habarynda, Prezident R.T. Erdoganyň Stambulda düýn başlan we şu hepdäniň ahyryna çenli dowam etjek bolan 4-nji Etnosport Medeniýet festiwaly bilen bagly ýazmaça beýanat berendigini habar berýär. Erdogan sosial media hasaby Twitteriň üsti bilen beren baýanatynda: “Milli sport görnüşlerimiziň we gadymy medeniýetimiziň ýaşadylmagy we geljek nesillere ýetirilmegi ýaly wezipäni ýerine ýetirýän 4-nji Etnosport Medeniýet festiwalynyň üstünlikli geçmegini dileýärin” diýip belledi.

Hürriýet gazedi: “Türkiýäniň howpsyz zolak bilen bagly meýilnamasy taýar” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, amerikaly kärdeşi Mark Esper bilen Siriýa serhedinde Howpsyz zolagyň dördilmegi boýunça telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mälim edýär. Akaryň Esper bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Türkiýäniň günortasynda terror koridorynyň açylmagyna ýol berilmejekdigi ýenede bir gezek nygtaldy. Telefon söhbetdeşliginde ABŞ-dan ýarag we ok-däri ýaly ekstremist terror guramasy PKK/PÝD/ÝPG-ä berilýän goldawyň doly bes edilmegi islendi. Milli goranmak ministrliginden berilen beýannamada Akaryň telefon söhbetdeşliginde Espere: “Ýefradyň gündogarynda ýakmynan 30 kilometr içerde, serhet boýy agyr ýaraglardan we terrorçylardan saplanan Howpsyz zolagyň/Parahatçylyk koridorynyň döredilmegi we eger güýmeme, gijä galynma bolan halatynda şol işleriň bes ediljekdigi hem-de Türkiýäniň bu meselede iňňän ygrarlydygyny” beýan edendigi habar berilýär.

Haber Türk gazedi: “Türkiýe söwda söweşlerinden peýda görüp biler” söz başyly habarynda, Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýragyň, ykdysadyýet bilen baglanşykly beýanat berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Türkiýe-ABŞ söwda gatnaşyklarynyň üstünde durup geçen Berat Albaýrak: “Söwda söweşlerinden peýda görüp biljek bir ýurtdyrys. ABŞ iki ýurdyň gatnaşyklarynyň ösdürilmegini isleýär” diýip nygtady. Türkiýe bilen söwda gatnaşyklaryny etmegiň beýleki ýurtlar üçin bähbitli boljakdygyny aýdan Albaýrak: “Türkiýe maýadarlar üçin özüne çekiji bir ýurt” diýip aýan etdi.

Star gazedi: “Türkiýe ozalky balanslary bozýar” söz başyly habarynda, Fransiýanyň Le Monde gazediniň, Türkiýäniň halkara arenada sesini eşitdirýän we ozalky balanslary bozýan bir ýurtdygyny ýazdy. Ankaranyň köptaraplaýyn bir daşary syýasat alyp barýandygyny aýdan fransuz gazet, eden analizinde milli bähbitleri üçin güýç ulanmakdan gaça durmaýandygyny, täze hyzmatdaşlar edinýändigini we global düzgüniň işleýşini tankyt edýändigi sebäpli köne balanslary bozan bir ýurt ýagdaýyna gelendigini habar berdi.

Ýeni Şafak gazedi: “Ýerli emeli hemra Stambuly görkezdi” söz başyly habarynda, 2012-nji ýylda älem giňişligine uçurulan GÖKTÜRK-2 emeli hemrasynyň, dünýäden takmynan 685 km beýiklikdäki orbitasyndan maglumat ibermäge dowam etdirýändigini habar berýär. Enjamlarynyň 80 göterimi, programmalarynyň 100 göterimi türk inženerler tarapyndan taýarlanan emeli hemra Stambuly bilen bagly maglumatlary paýlaşdy.


Etiketkalar: #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar