Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1280850
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Howpsyz zolagyň döredilmegi üçin bökdençliklere ýol berilmez” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň Siriýada ABŞ bilen ylalaşylan howpsyz zolak meselesinde bökdençliklere ýol bermejekdiklerini aýdandygyny ýazýar. Gazet Akaryň: “Howpsyz zolagyň döredilmegi üçin mundan ozal edilişi ýaly şol bir usul bilen güýmeme, gijä galdyrma bolsa, onda ABŞ bilen bilelikde alynyp barylýan işler bes ediler. Mundan hiç hili egilşik etmeris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Eksport sentýabr aýynda 15,2 milliard dollara deň boldy” söz başyly habarynda, geçen ýylyň sentýabr aýynda eksportyň 22,7 göterim ýokarlandygyny beýan eden Söwda ministri Ruhsar Pekjanyň: “Şu ýyl ondan hem ýokary geçdik. Sentýabr aýynda 15,2 milliard dollarlyk eksport edildi” diýen sözlerine üns çekilýär.

“Hürriýet” gazeti “Awtoulag satuwlary 100 göterim artdy” söz başyly habarynda, Merkezi bankyň göterimleri aşaklatmagyndan soň döwlet we hususy banklarynyň hem şahsy karzlaryň göterimlerini aşaklatmagy netijesinde sentýabr aýynda awtoulag satuwlarynyň geçen ýylyň degişli aýyna görä 100,67 göterim artandygyny mälim edýär. Habarda sentýabr aýynda 35,308 ýeňil awtoulagyň satylandygy nygtalýar.

“Watan” gazeti “Wolkswagen Türkiýe açyldy” söz başyly habarynda, Merkezi Germaniýada ýerleşýän awtoulag zawody Wolkswageniň Manisa welaýatynda 943,5 million lira maýaly firma açandygyny ýazýar. Gazet Wolkswageniň Manisa 1,4 milliard ýewrolyk maýa goýjakdygyny, firmanyň awtoulag, ýük ulagy we ulaglaryň dizaýn edilmegi, öndürilmegi, gurnalmagy we olaryň ätiýaç şaýlarynyň öndürilmegi bilen meşgullanjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Milli sportlar we medeniýetler Etnosport festiwalynda duşuşarlar” söz başyly habarynda, bütin dünýädäki milli oýunlaryn giň halk köpçüligine tanyşdyrylmagyna uly goşant goşýan Etnosport medeniýet festiwalynyň 4-njisiniň şu ýyl 16 ýurduň gatnaşmagynda üstümizdäki aýyň 3-6-sy aralygynda Stambulyň Atatürk adyndaky howa menzilinde geçiriljekdigini mälim edýär. Habarda festiwalyň çäginde okçulyk, göreş bäsleşikleri, atly jirit, gökbiri, atly okçulyk ýaly 12 milli sport ugrunda bäsleşikleriň geçiriljekdigi aýan edilýär.



Degişli Habarlar