Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1277372
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdoganyň BMG-da sözlän sözleri Kappadokiýanyň asmanynda” söz başyly habarynda, Preident R.T.Erdoganyň BMG-niň Sessiýasynda eden çykyşynda aýdan “Dünýä 5-den uludyr” we “Türkiýe yslam ummadynyň umydy” diýen sözleri ýazylan afişanyň daşary ýurtlylaryň iň bir gelim gidimli ýerlerinden biri bolan Kappadokiýada şar bilen gök asmanda pasyrdandygyny ýazýar. Erdoganyň sözleri afişalara iňlis dilinde ýazylyp şarlara asyldy.

“Ýeni Şafak” gazeti “İslamafobiýa garşy teleýaýlym açylar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň, Pakistanyň Premýer ministri İmran Hanyň we Malaýziýanyň Premýer ministri Mahathir Muhammediň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçiren duşuşygyndan soň Hanyň beren beýannamasynda: “Prezident Erdogan, Mahathir Muhammed we men geçiren maslahatymyzda üç ýurduň bilelikde İslamafobiýa sebäpli ýüze çykan kynçylyklara garşy göreşmek we beýik dinimiz yslamy dogry wagyz etmek üçin iňlis dilinde teleýaýlym açmak barada karara geldik” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “1 ýylda2611 daşary ýurtly türk raýatlygyna kabul edildi” söz başyly habarynda, Türk raýatlygy hakyndaky kanunyň iş ýüzüne geçiriliş düzgünnamasynyň üýtgedilmeginden soň geçen ýyl bir ýyllyk möhletde ABŞ-dan Russiýa, Kanadadan Donimik Respublikasyna, Braziliýadan Komorlar Bileleşigine köp sanly ýurtdan 2611 daşary ýurtly maýadaryň türk raýatlygyna geçendigini, maşgala agzalary bilen türk raýatlygyna geçen maýadarlaryň sanynyň bolsa 9962 adama barabar bolandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “ABŞ-nyň Türkiýe meselesinde egilşik etmeginiň sebäbi” söz başyly habarynda, “Hünärmenleriň beýan etmegine görä ABŞ-nyň F-35 harby uçar maksatnamasynda egilşik etmeginiň sebäbiniň stratregik hyzmatdaşy ýitirme gorkusy. ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky bähbitleri üçin Türkiýe bilen gatnaşyklaryny kadaly dowam etdirmek isleýändindigine ünsi çeken hünärmenleriň; “Türkiýede Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky etraplarda howpsyz zolak döretmek işleginde egilşik etmeýär. Amerikalylar Türkiýäniň S-400 howa goranyş ulgamynyň satyn almagynyň F-35 üçin howp döretmeýändigini bilýär. Şol sebäpli Ankara bilen gatnaşyklarda dartgynlygy azaltmak üçin tagalla edýärler” diýip ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Guti Gernandeziň Stambul habarnamasy” söz başyly habarynda, ispan futbol hünärmeni Guti Gernandeziň düýn 5,8 bala barabar ýer titremesini başdan geçiren Stambulyň halkyna duýgudaşlyk ýüzlenmesini ugradandygyny mälim edýär. Beşiktaşda oýnan we türgenleşdiriji bolup işlän dünýä meşhur futbol hünärmeni Gernandeziň Twitter arakaly türk we ispan dillerinde: “Güýçli bol Stambul” diýip ýazandygyna ünsleri çekýär.



Degişli Habarlar