Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1145914
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: “Terror koridoryna asla rugsat bermeris” söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Siriýanyň başda Idlib bolmak bilen hiç bir ýerinde adamzat krizisiniň başdan geçirilmegini islemeýändigini aýdandygyny habar berýär. Gazet Siriýa meselesiniň çözülmegi maksady bilen Astana etabynyň kepillendiriji ýurtlary bolan Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň liderleriniň 4-nji maslahaty düýn Russiýanyň Soçi şäherinde geçirilendigini beýan edýär. Gazet maslahatdan soň Prezident R.T. Erdoganyň Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň gatnaşmagynda umumy metbugat ýygnagynyň geçirilendigini belleýär.

Watan gazedi: “Akardan möhüm maslahatlar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akaryň, düýn Russiýanyň Soçi şäherinde Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu we Eýranyň Baş ştabynyň başlygy Muhammed Bageri bilen aýry-aýry duşuşyk geçirendigini habar berýär. Siriýa temaly 4-nji Üçtaraplaýyn maslahatdan ozal geçirilen duşuşyklarda, Siriýadaky soňky ýagdaýyň ele alynandygy aýan edildi.

Star gazedi: “Daşary işler ministrligi Demirgazyk Makedoniýanyň halkyna gynanç bildirdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň hökümetiniň Demirgazyk Makedoniýanyň paýtagty Skopýeniň golaýynda başdan geçirilen ulag heläkçiliginde ýogalanlar sebäpli bu ýurda gynanç bildirendigini mälim edýär. Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda: “Düýn agşam Skopýeniň golaýynda bir awtobusyň agdarylmagy netijesinde 13 adamyň ýogalandygy we köp sanda adamyň ýaralanandygy baradaky habary uly gynanç bilen aldyk. Awtobus heläkçilginde ýogalan adamlaryň maşgalalaryna we doganlyk Makedon halkyna gynanç, ýaralanan adamlara bolsa şypa dileýäris” diýip bellendi.

Haber Türk gazedi: “Býujet ýetmezçiligi belli boldy” söz başyly habarynda, Býujet ýetmezçiliginiň belli bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýeitýär. Türkiýäniň Merkezi bankynyň berýän habaryna görä dekabr aýynda býujet ýetmezçiliginiň 1,44 milliard dollarra barabar bolandygyny aýan edýär. Şoňa laýyklykda ýyllyk býujet ýetmezçiligi bolsa 27,6 milliard dollara deň bolandygy habar berilýär. 2017-nji ýyldaky býujet ýetmezçiligi 47,4 milliard dollara barabar bolandygy beýan edilýär.

Hürriýet gazedi: “Turkish Kargo, Söýgüliler gününde 4 müň tonna gül daşady” söz başyly habarynda, Dünýäniň iň çalt depginler bilen ösýän ýük daşaýan howa ýollary kärhanasy ady bilen 124 ýurda hyzmat edýän Turkish Kargonyň, Söýgüliler gününde artan talap sebäpli 4 müň tonna gül daşandygyny beýan edýär.



Degişli Habarlar