Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1120333
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Dünýäniň ünsi Erdogan-Putin duşuşygynda” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdogan bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň arasynda 2019-njy ýylyň ilkinji duşuşygynyň üstümizdäki aýyň dowamynda guralmagyna garaşylýandygyny ýazýar. Gazet ýanwar aýynda guralmagy meýilleşdirilýän Russiýa saparynyň çäginde Erdogan bilen Putiniň arasynda boljak duşuşykda Siriýa meselesiniň başda durmagynda S-400 howa goranyş ulgamynyň aluwy, özara we sebitara meseleler boýunça möhüm kararlaryň kabul edilmegine garaşylýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Manbijlileriň Türkiýeden işleği: Bizi Asada bermäň” söz başyly habarynda, ABŞ tarapyndan goldanýan ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň we Siriýanyň hökümetiniň gysyşlary hem-de basyşlary sebäpli dogduk diýaryny taşlap gaýtmaly bolan siriýalylaryň Türkiýe tarapyndan başladyljak operasiýa sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny, ýurduň köp sanly etrabynda Türkiýä gelen bosgunlaryň “Başar Asad oýun oýnaýar. Manbije gelse ol ýerde uly gyrgynçylyk eder” diýýändiklerini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Awtoulag pudagy Respublika taryhynyň rekorduny goýdy” söz başyly habarynda, türk awtoulag senagatynyň geçen ýyl öňki ýyl bilen deňeşdirilende 11 göterim ösüş edip, 31,6 milliard dollarlyk eksport bilen öz pudagynda Respublika taryhynyň eksport rekorduny goýandygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Ankaradan Rime göni uçuş başlaýar” söz başyly habarynda, Türk howaýollarynyň paýtagt Ankaradan  İtaliýanyň paýtagty Rime 60 ýyl soň göni sapara başlaýandygyny mälim edýär. Gazet Ankaradan üstümizdäki aýyň dowamynda Britaniýa we Gruziýa hem göni uçuşlaryn başlajakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Türk futbolçysyna ýokary nyrh” söz başyly habarynda, Trabzonspor komandasynyň 19 ýaşly türgeni Abdulkadir Ömüriň ukyby bilen ünsleri özünde jemleýändigini, Ýewropanyň esasy futbol komandalaryndan biri bolan Liwerpulyň Abdulkadir Ömer üçin 27 million funkt sterlin tölejekdigini mälim edýär.



Degişli Habarlar