Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gindelik gazetlerde giň beýan tapýar

1080242
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Ministr Albaýragyň möhüm beýanaty” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň “Bütindünýä bankynyň İşleýiş ýeňilligi boýunça 2019-njy ýyl üçin taýarlan habarnamasynda” Türkiýäni 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende 17 basgançak ýokarlandyryp, 190 ýurduň hatarynda 43-nji orna getirendigini aýdandygyny ýazýar.

Gazet ministr Albaýragyň ýüzlenmesinde “Ýurdumyz 2018-nji ýylda iş ýüzüne geçiren özgertmeleri bilen şu ýyl ilkinji gezek düýpli özgertmeler arkaly ösüş eden 10 ýurtdan biri boldy. Global maýadarlar üçin höweslendiriji we ugrukdyryjy häsýete eýe bolan habarnama alyp barýan syýasatymyzyň maýadarlaryň ynamyny güýçlendirmekdäki üstünligini görkezýär” diýendigini mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Eksportda Respublika taryhynyň rekordy” söz başyly habarynda Söwda ministri Ruhsar Pekjanyň oktýabr aýynyň eksport görkezijileri barada maglumat berendigini mälim edýär.

Oktýabr aýynda eksport geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 13,1 göterim artyp 15 milliard 732 million dollara barabar boldy.

Şeýlelikde eksportda respublika taryhynyň rekordy goýuldy.

“Hürriýet” gazeti “Elazygda çykýar 4 materikde 45 ýurda eksport edilýär” söz başyly habarynda Elazyg welaýatynda çykýan Wişne ýagny (Ülje) mermeriniň Türkiýe bilen birlikde dünýäniň çar tarapynda ulanylýandygyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

6 uly mermer ojagy bolan Elazygda çykarylýan ülje mermerleri ozal Käbede we Ak Tamda ulanylypdy.

Soňky gezek täze açylan Stambul howa menzilinde ulanylan ülje mermeri Hytaýyň, Hindistanyň, İtaliýanyň, Saud Arabystanynyň, Russiýanyň we ABŞ-nyň başda durmagynda 4 materikde 45 ýurda eksport edilýär.

“Sabah” gazeti “Türkiýe 98 ýurda duzlanan gök önümleri eksport edilýär” söz başyly habarynda immuniteti güýçlendirýän, witaminler we minerallar taýdan baý bolan duzlanan gök önüm eksportynyň esasy walýuta girdejisi ýagdaýyna gelendigini habar berýär.

Türkiýe ýanwar-sentýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde 98 ýurda duzlanan gök önümlerini eksport edip 151 million dollarlyk girdeji gazandy.

Egeý Eksportçylar bilelleşiginden berlen beýanata görä, üstümizdäki ýylyň 9 aýlyk döwründe 98 ýurda duzlanan gök önümler eksport edildi we 151 million dollarlyk girdeji gazanyldy.

Eksport sanawynda 35 million dollar bilen Germaniýa birinji orny eýeledi.

ABŞ 22,6 million dollar bilen ikinji, Gollandiýa bolsa 21,7 million dollar bilen üçünji orny eýeledi.

“Star” gazeti Bilkent uniwersitetiniň Maşyn iňjenerçiligi bölüminiň mugallymy Ýyldyraý Ýyldyzyň howadaky raketalaryň tizligini awtomatiki ýagdaýda üýtgedip bilýän ýörite kompýuter programmasyny taýarlandygyny ýazýar.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar